DÜNÝÄ
1 minut okamak
Eýran Mossad üçin içalylyk etmekde aýyplanýan adama ölüm jezasyny berdi
Howpsuzlyk gulluklary bilen işleşýän eýranly potratçy Babek Şahbazi Mossada möhüm maglumatlary satmakda aýyplanýardy.
Eýran Mossad üçin içalylyk etmekde aýyplanýan adama ölüm jezasyny berdi
17 Sentýabr 2025

Eýran Ysraýylyň daşary razwedka gullugy Mossad bilen işlemekde günäkärlenýän adama ölüm jezasyny berdi.

Döwlet habarlar gullugy IRNA çarşenbe güni beren beýanatynda: "Babek Şahbazi Ysraýyl režimi bilen içalylyk we howpsuzlyk hyzmatdaşlygynda günäli tapyldy we şu gün Mossad bilen baglanyşykly içalylar bilen habar alyşmakdaky roly Ýokary Kazyýet tarapyndan tassyklanandan soň jezalandyryldy" diýdi.

Telekommunikasiýa, goşun we howpsuzlyk edaralary bilen baglanyşykly kärhanalar üçin senagat sowadyş ulgamlaryny taslamak we gurnamak ugrunda işlän Şahbazi, ýokary derejeli eýran resmiler barada möhüm maglumatlary Esmaeil Fikri atly Mossad içalysyna satmagy teklip edipdi.

Fikri Ysraýyl üçin içallyk edendigi üçin 2025-nji ýylyň iýunynda jezalandyrylypdy.

Içalylyk aýyplamalary boýunça jezalandyryş

Şahbaziniň Ysraýyl içalylary bilen onlaýn duşuşyklar geçirendigi, Mossad guramasyndan tälim alandygy we ýokary wezipeli adamlar we strategiki desgalar barada gizlin maglumatlary ýygnamaga synanyşandygy öňe sürüldi.

Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky syýasy bäsdeşlik dowam edýärkä, iki esasy garşydaş soňky ýyllarda birek-biregiň içaly ulgamlaryny ýok edendiklerini habar berdiler.