ABŞ Ysraýyla Gazada söweşden galan harabalygyň aýrylmagy üçin basyş edýär

Ysraýylyň söweşden galan harabalygyň aýrylmagy işlerine Rafahdan başlajakdygy habar berildi.

By
ABŞ Ysraýyla Gazada söweşden galan harabalygyň aýrylmagy üçin basyş edýär / Reuters

Ysraýylyň “Ýediot Ahronot” gazetiniň penşenbe güni beren habaryna görä, ABŞ Ysraýyldan iki ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän genosid hüjümlerinden soň, Gazada emele gelen harabalyklaryň aýrylmagyy üçin uly jogapkärçiligi öz üstüne almagyny isledi.

Harabalyklar howa hüjümleriniň we we buldozerleriň sebäp bolan ýykylşygyny hem öz içine alýar.

Gazet ýokary derejeli ýolbaşça esaslanýan habarynda Ysraýylyň ABŞ-nyň talabyny häzirlikçe kabul edendigini we harabalyklaryň aýrylyş işleriniň Rafahdan başlajakdygyny nygtady.

Habara görä, resmi Waşington Ysraýylyň sebitdäki harabalygy dolulygyna aýyrmagyna garaşýar.

Harabalygyň dolulygyna aýrylmagy baradaky işleriň birnäçe ýyl dowam edip biljekdigi we gymmatynyň 1 milliard dollardan geçjekdigi nygtalýar.

Gazet arap ýurtlarynyň we halkara aktýorlaryň häzire çenli harabalyklaryň aýrylmagy işleri üçin maliýe kömegini bermegi kabul etmändigine ünsi çekdi.

Gazetiň berýän habaryna görä, Gazada 68 million tonna golaý harabalyk bar.

BMG-nyň Galkynyş meýilnamasy harabalygyň agyrlygynyň 186 sany Empire State binasynyň agramyna deňdigini mälim etdi.

Palestiniň Saglygy goraýyş ministrligine görä, Ysraýylyň Gazadaky söweşinde 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri 70 müň 300 adam ýogaldy, 171 müňden gowrak adam hem ýaralandy.

Üstümizdäki ýylyň oktýabr aýynda gazanylan ylalaşyga garamazdan hüjümler dowam edýär.