SYÝASAT
2 minut okamak
Hamas ysraýylly ýesirleri boşatmaga başlady
Palestinli söweşjeň topar ylalaşygyň çäginde duşenbe güni boşadyljak ysraýylly 20 ýesiriň sanawyny çap etdi.
Hamas ysraýylly ýesirleri boşatmaga başlady
Hamas ysraýylly ýesirleri boşatmaga başlady
13 Oktýabr 2025

Ysraýylyň Çanel 12 teleýaýlymy, Palestinli söweşjeň topar Hamasyň ysraýylly ýesirleri boşatmaga başlandygyny habar berdi.

Hamas, duşenbe güni ylalaşygyň çäginde ysraýylly 7 ýesiri Gazadaky Hyzylhaç guramasyna tabşyrdy.

Habara görä, ysraýylly 13 ýesir hem Gazanyň merkezinde halkara wagt boýunça sagat 07-00-da boşadylar.

Ysraýylyň harby goşuny, Gyzylhaç kerweniniň Hamas tarapyndan boşadyljak ýesirleriň birinji tapgyryny almak üçin ugrandyklaryny mälim etdi.

Ertiriň irki sagatlarynda Hamasyň Kassam atly ýaragly topary, Gaza ylalaşygynyň çäginde ysraýylly 20 ýesiriň boşadylmagy barada karar kabul edendiklerini mälim etdi.

Hamas boşadyljak ysraýylly ýesirleriň sanawyny çap etdi.

Karara görä Elkana Bohbot, Maran Angrest, Awinatan Or, Ýosef-Haim Ohana, Alon Ohel, Ewýatar Dawud, Gur Gilboa-Dalal, Rom Braskawskiý, ekiz Gali we Ziw Berman, Eitan Mor, Segew Kalfon, Maksim Herkin, Eitan Horn, Bar Kupershtein, Omri Miran we doganlar Dewid Kunio bilen Ariel Kunio boşadylar.

Ysraýylyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýesirleriň iki tapgyrda boşadyljakdygyny mälim etdi.

Ysraýyly ýesirleriň bir bölegi ikinji tapgyryň çäginde ýerli wagt boýunça sagat 10.00-da boşadylar.

Palestinliler hem Ysraýylda tussaglykda saklanýan ýüzlerçe adamyň boşadylmagyna garaşýar.

Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň we Müsüriň Prezidenti Sisiniň ýolbaşçylyk etmeginde Şarm Al-Şeýh şäherinde geçiriljek halkara Gaza sammitine Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erdogan, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Iordan Şasy Abdullah II, Bahreýniň Şasy Hamad bin Isa Al Halife, Britaniýanyň Premýer-ministri Keir Starmer, Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançes, Italiýanyň Premýer-ministri Meloni, Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif we Germaniýanyň Federal Kansleri Merz bilen birlikde 20-den gowrak ýurduň lideriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

 

 

Öwren
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady
Dünýä ýurtlary Gaza ylalaşygyna goldaw berýär