DÜNÝÄ
1 minut okamak
Tramp: Žurnalistleriň Gaza girmegine rugsat berilmeli
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp, žurnalistleriň Gaza girmegine rugsat berilmegi baradaky çagyryşlara goldaw berdi.
Tramp: Žurnalistleriň Gaza girmegine rugsat berilmeli
15 Awgust 2025

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, žurnalistleriň gabaw astyndaky Gaza girip gumanitar şertleri ýerinde görmeginiň ýerlikli boljakdygyny aýtdy.

Ysraýyl, 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda başlan hüjümler sebäpli daşary ýurtly žurnalistleriň Gaza girmegini gadagan edipdi.

Tramp, penşenbe güni Owal ofisde metbugata beren beýannamasynda “Elbetde žurnalistleriň Gaza girmegini isleýärin. Meniň üçin žurnalistleriň Gaza girmegi has ýerlikli bolar”diýip belledi.

Dünýäniň çar tarapyndan 100-den gowrak žurnalist Gazadaky genosid hakynda garaşsyz ýagdaýda habar taýarlamak üçin gyssagly we şertsiz Gaza girmek üçin arza beripdi.

Tanymal žurnalist Andre Liohn tarapyndan başladylan “Habar taýarlamak hukugy” başlangyjynyň çäginde ýazylan arza, Aleks Krawford (Sky News), Kristiane Amanporu(JNN) we Klararissa Ward, Mehdi Hasan ýaly tanymal žurnalistler hem gol goýdy

Arza gol goýan dünýäniň çar tarapynda iş alyp barýan tanymal žurnalistler, Ysraýylyň daşary ýurtly žurnalistleriň erkin ýagdaýda Gaza girmekleri üçin çagyryş berdi.

Arzada söweşiň başyndan bäri halkara metbugat işgärlerine goýlan gadagançylygyň “halk köpçüliginiň maglumat edinmek hukugynyň basgylanýandygyny açyk aýdyň görkezýändigi” nygtaldy.

Metbugat azatlygy üçin göreşýän toparlar we ynsanperwer kömek guramalary, Ysraýyla çäklendirilmegiň bes edilmegi üçin birnäçe gezek çagyryş beripdi.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy
Demirgazyk Koreýa balistiki raketa synagyny geçirdi
Sudan RSF-den ar alar
Tramp Waşingtonda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri bilen duşuşyk geçirer
Russiýa: Putin-Tramp sammitiniň şertleri entek ýerine ýetirilmedi
Ysraýyl Günbatar Şeria guraýan hüjümlerini artdyrýar
Britaniýada 25 müňden gowrak adam Ysraýylyň halkara futboldan çetleşdirilmegine goldaw berdi