Ysraýylly ýolbaşçylar duşenbe güni Gazadaky Rafah gümrük geçelgesiniň iki taraply ýagdaýda palestinli hassalar üçin açylandygyny mälim etdi.
Müsüriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gümrük geçelgesinden her gün iki taraply ýagdaýda 50 adamyň geçmegine rugsat beriljekdigini habar berdi.
Ysraýylyň Gazany iki ýyl ozal dolulygyna ele geçirmeginden soň bu esasy geçelgäniň gaýtadan açylmagy Gazadaky palestinliler taýdan diýseň möhüm.
Gümrük geçelgesi ýardam guramalarynyň birnäçe wagtdan bäri berýän çagyryşlary we halkara guramalaryň basyşy sebäpli ýekşenbe güni çäklendirlen görnüşde gaýtadan açyldy.
Ysraýylyň Kan teleýaýlymy, duşenbe güni 50-si hassa 150 adamyň Müsüre geçmegine garaşylýandygyny, 50 adamyň hem Gaza girmegine garaşylýandygyny habar berdi.
Gümrük geçelgesiniň günde 6 sagat açyk galmagyna garaşylýar
200 hassa garaşýar
Müsür tarapynda tiz kömek ulaglary hassalary almak üçin garaşýar.
Gazadaky Saglygy goraýyş ministrligi 200 hassanyň gümrük geçelgesinden geçmek üçin rugsat almaga garaşýandygyny mälim etdi.
Ynsanperwer kömek guramalary 10-njy oktýabrda gazanylan ylalaşyga garamazdan Gazadaky şertleriň agyrlaşýandygyny nygtaýar.
Müsür tarapynda Cario Nýus teleýaýlymy, gümrük geçelgesiniň 24 sagadyň dowamynda açyk boljakdygyny we hassahanalaryň Gazadan geljek hassalary kabul etmäge taýardygyny mälim etdi.
Ysraýylyň geçen hepde Gazadaky soňky ýesir Ran Gwiliniň jesedini kabul edip almagyndan we jaýlamagyndan soň gümrük geçelgesiniň açylmagy barada karar kabul edendigi nygtaldy.
Ysraýylyň dowam edýän hüjümleri sebäpli hepdäniň ahyrynda onlarça adam ýogaldy
Ysraýylyň şenbe güni guran hüjümlerinde azyndan 32 adamyň ýogalandygy habar berildi.
Ysraýyl ýekşenbe güni hem Serhetsiz lukmanlar guramasynyň Gazada iş alyp barmagyny gadagan etdi.













