DÜNÝÄ
1 minut okamak
Günorta Koreýa Koreýa Ýarymadasyna Hýunmoo-5 raketasyny ornaşdyrar
Goranmak ministri Ahn Gyu-Back, Hýunmoo-5 rekatalarynyň önümçiligine başlanandygyny aýtdy
Günorta Koreýa Koreýa Ýarymadasyna Hýunmoo-5 raketasyny ornaşdyrar
Günorta Koreýa Koreýa Ýarymadasyna Hýunmoo-5 raketasyny ornaşdyrar
17 Oktýabr 2025

Günorta Koreýanyň Goranmak ministri Ahn Gyu-Back ýurdunyň Demirgazyk Koreýa tarapyndan abanýan ýadro howplaryna garşy üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli Koreýa Ýarymadasyna Hýunmoo-5 balistiki raketasynyň ornaşdyryljakdygyny aýtdy.

Penşenbe güni Ýonhap habarlar gullugyna beýannama beren Goranmak ministri Ahn Gyu-Back, Hýunmoo-5 raketalarynyň önümçiligine başlandygyny we önümçiligiň artdyrylmagy üçin tagalla edilýändigini nygtady.

Ministr Ahn “Ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň önüni alyş şertnamasyna gol goýandygymyz üçin ýadro ýaragyna eýe bolup bilmeýäris. Emma abanýan howplara garşy degişli çäreleriň görülmegi maksady bilen Hýunmoo-5 raketalaryna eýe bolarys” diýdi.

Täsirli güýji sebäpli “äpet raketa” hökmünde tanalýan Hýunmoo-5 raketasy 8 tonnalyk konwensional söweş ujuny göterip bilýär we ýerasty gaçybatalgalary hatardan çykaryp bilýän balistki raketalardan biri.

Raketa ilkinji gezek geçen ýyl Günorta Koreýanyň ýaragly güýçleriniň döredilen gününe bagyşlanan çärelerde tanyşdyrlypdy.

Demirgazyk Koreýanyň geçen hepde geçirlen harby çärede Hwasong-20 materikara balistiki raketany tanyşdyrmagyndan soň, Günorta Koreýanyň Goranmak ministri Ahn yýu-Backyň beren beýannamalary ünsleri özüne çekdi.

Öwren
Kolumbiýa Karibdäki dartgynlyk sebäpli ABŞ bilen aňtaw maglumatlaryny paýlaşmagy bes etmegi buýurdy
Ukraina bilen Russiýa ýesir çalşygy boýunça Stambulda gepleşik geçirýär
Onlarça ýyl tussaglykda bolan Hannibal Kaddafi kepillik bilen boşadyldy
Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy häzirlikçe mümkin däl
Yrakda parlament saýlawy geçirilýär
Ysraýyl tarapyndan Liwana guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy