Zelenskiý ABŞ-dan 90 milliard dollarlyk ýarag talap etdi
Ukraina bir aýdan bäri Ysraýylyň Patriot raketa ulgamyny ulanýar. Zelenskiý güýz aýlarynda ýene-de 2 ulgam aljakdyklaryny nygtaýar.
Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampdan 90 milliard dollarlyk ýarag talap edendigini aýtdy.
Paýtagt Kiýewde metbugata beýannama beren Zelenskiý, “ABŞ-nyň Prezidentine Ukrainanyň isleýän ýaraglarynyň sanawyny hödürledik” diýdi.
Zelenskiý Kiýewiň uzak aralykly ulgamlar bilen birlikde beýleki ähli ýaraglar üçin aýry aýry şertnama baglaşmaga taýardygyny nygtady.
ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Trampyň Ukraina uzak aralykly ýarag berip biljekdigini öňe sürüpdi.
Ysraýylyň Patriotlary Ukrainada
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Ysraýylda öndürlen Patriot ulgamynyň bir aýdan bäri Ukrainada ulanylýandygyny, güýz aýlarynda ýene-de iki ulgamyň kabul edilip alynjakdygyny aýtdy.
Ysraýyl ozal Kiýewe howa goranyş ulgamlaryny berendigini kabul etmändi.
Zelenskiý metbugata beren beýannamasynda “Ysraýylyň Patriot ulgamy bir aýdan bäri Ukrainada ulanylýar. Güýz aýlarynda ýene-de iki Patriot ulgamyny alarys” diýdi.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Maria Zaharowa, iýun aýynda beren beýannamasynda, Ysraýylyň Ukraina Patriot ulgamlaryny berendigini kabul etmeýändigini aýdypdy.