DÜNÝÄ
1 minut okamak
“Ýewropa gibrit söweşine sezewar bolýar”
Ursula fon der Laýen Ýewropa ýurtlaryna soňky hepdelerde alada bildirilýän gibrit howplary barada çagyryş etdi.
“Ýewropa gibrit söweşine sezewar bolýar”
“Ýewropa gibrit söweşine sezewar bolýar” / Reuters
8 Oktýabr 2025

Ýewropa Komisiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen çarşenbe güni eden çykyşynda “Soňky döwürde başdan geçirlen dronlar meselesi we howa giňişlikleriniň basgylanmagy Ýewropa ýurtlarynyň gibrid söweşlerine sezewar bolýandygyny görkezýär” diýdi.

Strasburda Ýewropa Parlamentinde çykyş eden Laýen, bu ýagdaýyň ýönekeý mesele bolmandygyny nygtady.

Laýen “Bu waka raýatlarymyzy biynjalyk etmek, sabrymyzy synagdan geçirmek, jebisligimizi bozmak we Ukraina berýän goldawymyzy gowşatmak üçin niýetlenen operasiýadyr we bu waka bir at goýmagyň wagty geldi. Bu gibrid söweşdir” diýdi.

Fon der Laýen wakalardan Russiýanyň jogapkärdi hakynda hiç hili garaýyş beýan etmedi emma Russiýanyň Ýewropany bölmegi maksat edinýändigini nygtady.

Ýewropaly ýolbaşçylar soňky wakalaryň käbirinden Moskwanyň jogapkärdigini nygtaýar.