Türkiye Respublikasynyň Kommunikasiýalar edarasy çarşenbe güni Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini we söhbetdeşlikde Russiýa-Ukraina urşy, sebitleýin krizisler we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada söhbetdeş bolandyklaryny habar berdi.
Kommunikasiýalar edarasy Türkiyäniň NSosyal sosial media platformasyndan beren beýanatynda Makronyň talabyna laýyklykda geçirilen duşuşykda global ösüşleriň, şeýle hem Ankara bilen Parižiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny mälim etdi.
Erdogan Türkiye bilen Fransiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň "möhümdigini" nygtady we gatnaşyklarda öňegidişligi üpjün etmek üçin iki tarapyň hem anyk ädimler etmäge dowam etmelidigini aýtdy.
Ukrainadaky urşuň soňlanmagy
Russiýa-Ukraina çaknyşygynyň çäginde Erdogan Türkiyäniň adalatly we dowamly parahatçylygy goldamak üçin "doly derejede tagalla edýändigini" we Ankaranyň Stambul tapgyryny dikeltmek üçin iki tarap bilen hem gepleşiklerini dowam etdirýändigini aýtdy.
Erdogan Türkiyäniň parahatçylygyň gapylaryny mümkin boldugyça tiz açmak üçin "elinden gelenini etmäge taýýardygyny" aýtdy.
Erdogan dowamly parahatçylygy gazanmak üçin diplomatik ýollaryň iň netijeli usulda ulanylmalydygyny belläp, global parahatçylygy howp astyna saljak ädimlerden gaça durmagyň parahatçylyk tagallalaryna goşant goşjakdygyny beýan etdi.
Iki lider şeýle hem Kawkazda, Gazada we Siriýada bolup geçýän wakalary ara alyp maslahatlaşdylar.
















