DÜNÝÄ
1 minut okamak
Eýran: Eýrana garşy urşy bes etmegiň deslapky şerti Liwandaky urşuň bes edilmegidir
Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky urşuň bes edilmegi üçin ähli frontlarda urşuň bes edilmeginiň, şol sanda Ysraýylyň Liwandaky hüjümleriniň bes edilmeginiň zerurdygyny aýtdy.
Eýran: Eýrana garşy urşy bes etmegiň deslapky şerti Liwandaky urşuň bes edilmegidir
Eýran: Eýrana garşy urşy bes etmegiň deslapky şerti Liwandaky urşuň bes edilmegidir

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi: "Liwan we Eýran frontlary biri-biri bilen baglanyşykly we biri-birine garaşly boldy; Eýran Yslam Respublikasy Liwandaky urşuň bes edilmegini Eýran bilen urşuň bes edilmeginiň ilkinji şerti hökmünde görýär" diýip belledi.

Sişenbe güni paýtagt Tähranda geçirilen halkara missiýalaryň maslahatynda eden çykyşynda Arakçi: "Indi urşy gutaranymyzdan soň Liwandaky söweş hem gutarar" diýip, Liwandaky ýaraşygy ABŞ bilen ýakynda yglan edilen şertnamanyň "aýrylmaz" bölegi hökmünde häsiýetlendirdi.

Eýranly ministr ABŞ we Ysraýyl bilen 28-nji fewralda başlanan urşuň Eýran wagty bilen duşenbe güni irden tamamlanandygyny we özara düşünişmek baradaky memorandumyň resmi taýdan anna güni güýje girjekdigini aýtdy.

Eýranyň ýarym resmi Tasnim habar agentliginiň maglumatyna görä, anna güni Şweýsariýada başlanjak ABŞ-Eýran gepleşikleri iki tapgyrdan ybarat bolar.

Arakçi, birinji etapda Ormuz bogazy, deňiz çäklendirmeleri we Eýranyň infrastrukturasyny uruşdan soňky dikeltmek ýaly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny, ikinji etapda esasy ünsi ýadro meselelerine we sanksiýalary aýyrmaga gönükdiriljekdigini we bu gutarnykly şertnama bilen çözüljekdigini aýtdy.

Öwren
Ermenistanyň Prezidenti Haçaturýan, Paşinýanyň Ministrler kabinetiniň täze düzümini tassyklady
Pezeşkiýan: Biz territorial bitewiligimizi gorarys, ýöne urşuň giňelmeginiň tarapdary däldiris
ABŞ-nyň demirgazyk günbatarynda ýangynlar sebäpli 65 müň adam öýlerini terk etdi
Moskwada guralan hüjümlerde bäş adam ýogaldy
Wenesuelada bolan ýer titremelerinde ýogalanlaryň sany 6125 adama ýetdi
Müsürde ýer titredi
Ysraýylyň Goranmak ministri Eýrana hemle atdy
Russiýa: Ukraina degişli portlar bilen Gara deňizde harby enjam daşaýan ýük gämisini nyşana aldyk
Ýaponiýanyň günorta günbatarynda ýer titremesi sebäpli ýogalanlaryň sany 38 adama ýetdi
Peruda syýahatçylary daşaýan uçar heläkçilige uçrady
Moskwada kafeniň golaýynda bolan partlamada 3 adam ýogaldy, 15 adam ýaralandy
Zelenskiý: Russiýada 3 nebiti gaýtadan işleýän zawoda we konteýner gämisine hüjüm  guradyk
Trump, Eýrana garşy hüjümleriň dowam etjekdigini nygtap, ýeňiş gazanmagy” wada berdi
Russiýanyň Kiýewe guran howa hüjüminde 9 adam ýogaldy
Eýranyň goşuny: "Kuweýtdäki Ahmed al-Jaber howa bazasyny nyşana aldyk" diýdi
Hytaýda tunneliň çökmegi netijesinde dört adam ýogaldy
Gresiýadaky tokaý ýangynlarynda ölen ýangyn söndürijileriň sany 3-e ýetdi
Eýranyň Ynkylap Goragçylary: "ABŞ-nyň operasilary dowam etse, Ormuz bogazy açylmaz"
Russiýanyň Ukrainadaky raketaly hüjümlerinde çagalar bilen birlikde jemi 6 adam ýogaldy
Ýaponiýada bolan 7,1 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 13 adama ýetdi