Bangladeşde 2024-nji ýyldaky pitneden soň ilkinji gezek saýlaw geçirilýär

Bangladeşde ozalky Premýer-ministr Şyh Hasinanyň ýolbaşçylygyndaky Awami bileleşiginiň saýlawa gatnaşmagynyň gadagan edilmeginden soň ilkinji gezek saýlaw geçirilýär.

By
Bangladeşde 2024-nji ýyldaky pitneden soň ilkinji gezek saýlaw geçirilýär / Reuters

Bangladeşde ozalky Premýer-ministr Şyh Hasinanyň 2024-nji ýylda agdarylmagyndan soň ilkinji gezek saýlaw geçirilýär.

Şyh Hasinanyň Awami bileleşiginiň saýlawa gatnaşmagy gadagan edilipdi. 2024-njy ýylda talyplaryň ýolbaşçylyk etmeginde başlan pitne sebäpli 15 ýyl häkimiýetiň başynda bolan Premýer-ministr Şyh Hasina wezipesinden çetleşdirlipdi.

Bangladeş Milletçi partiýasyndan Tarigue Rahman täze hökümeti gurjak esasy dalaşgärlerden biri hökmünde bilinýär. Ozalky Premýer-ministr Halida Zianyň ogly Rahman 17 ýyl Londonda sürgünde ýaşandan soň dekabr aýynda Bangladeşe yzyna dolandy.

170 million ilatly ýurtda geçiriljek saýlawlarda 300 müňden gowrak howpsuzlyk işgäri howpsuzlygy ýola goýar.

Saýlawyň ýerli wagt bilen 16.30-a, halkara wagt boýunça 10.30-a çenli dowam etmegine garaşylýar.

Galplyk we işsizlik sebäpli Awami bileleşigine garşy 2024-nji ýylda başlan protest ýörişleri ýurduň çar tarapynda esasy bölegi howpsuzlyk işgärlerinden ybarat 1400-den gowrak adamyň ýogalmagyna sebäp bolupdy.

Oppozionerlere uly basyş edýändigi sebäpli tankyt edilen Hasina, 2024-nji ýylyň 5-nji awgustynda wezipesinden çetleşdirildi we Hindistana sürgün edildi.

Nobel parahatçylyk baýragynyň eýesi Muhammed Ýunus 2024-nji ýylyň 8-nji awgustynda howpsuzlygy ýola goýmak we saýlawlaryň geçirilmegini üçin wagtlaýyn hökümetiň liderligini öz üstüne alýar.

Bangladeşiň halky şu gün geçirilýän saýlawda 300 halk deputatyny saýlamak üçin ses berýär. Saýlawda 2 müňden gowrak dalaşgär bäsleşýär. Dalaşgärleriň 27 göterimden gowragy 25-44 ýaş toparyndaky ýaşlardan ybarat.