Özbegistanyň Prezidentiniň Diwamyndan sişenbe güni berlen beýannamada permana gol çekilendigini yhabar berdi. Mirziýoýew Kabinetiniň Ministrler ozalky mejlisinde zenanlaryň we çagalaryň hukuklaryny goramak ulgamyny has-da güýçlendirmäge gönükdirilen teklipleri we başlangyçlary gözden seljeripdi
Beýanatda düzgüniň zenanlara we çagalara garşy zorluk we zorlugyň öňüni almaga gönükdirilen teklipleri hem-de täze başlangyçlary öz içine alýandygy, bu meseleleriň iň ýokary derejede birnäçe gezek ara alnyp maslahatlaşylandygy, hukuk goraýjy we beýleki degişli döwlet edaralaryna anyk görkezmeleriň berlendigi bellendi.
Beýanamada: "Bu ugurda tagallalary utgaşdyrmak üçin ministrlerlikleriň arasynda ýörite geňeş döredildi we gysga möhletde amaly teklipleri işläp düzmek tabşyryldy" diýilýär. Şeýle hem mejlisde "halk köpçüliginden gelip gowşan teklipleriň, bilermenleriň maslahatlarynyň we iň gowy halkara tejribeleriň esasynda" gözden geçirilendigi bellendi.
Beýanatda gözden geçirilen başlangyçlaryň arasynda jynsy taýdan kemsitme etmişi üçin jezalary güýçlendirmek maksady bilen bäş güne çenli administratiw tussaglyk we pedofiliýa üçin ömür boýy azatlykdan mahrym etmek jezasyny girizmek ýaly teklipleriň bardygy nygtalýar.
Beýanatda şeýle hem: “Prezident hödürlenen başlangyçlary tassyklaýan degişli permana gol çekdi we häkimiýetlere täze çäreleriň jemgyýetçilige giňden düşündirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy” diýilýär.

















