Siriýanyň Içeri işler ministrliginden berlen beýannama görä, terror guramasy ÝPG tarapyndan Hasekeniň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän aş-Şeddadi tussaghanasyndan boşadylan 120 tussaglydan 81-i gaýtadan tussag edildi.
Ministrlik tarapyndan sişenbe güni berlen beýannamada, tussaglylaryň aş-Şeddadi şäherçesindäki tussaghanadan boşadylmagyndan soň Siriýanyň harby goşuny bilen İçeri işler ministrliginiň ýörite desant toparynyň operasiýa geçirendigi nygtaldy.
Beýannamada “DEAŞ-a agza 120 terrorçynyň tussaghanadan gaçmagyndan soň Siriýanyň harby goşuny bilen İçeri işler ministrliginiň ýörite desant topary şäherde operasiýa geçirdi” diýildi.
Operasiýada DEAŞ-a agza 81 terrorçynyň tussag edilendigi, galan terrorçylaryň ýerleriniň anyklanylmagy üçin operasiýanyň dowam edýändigi bellenildi.
Içeri işler ministrliginden berlen beýannamada, tussaglylaryň tussaghanadan boşadylmagyndan terror guramasy ÝPG-niň jogapkärdigi nygtaldy.
Siriýanyň Prezidenti Ahmad al-Şara ýekşenbe agşamy terror guramasy ÝPG-niň ýolbaşçylygyndaky SDG-niň döwlet eýeçiligindäki edaradyr-kärhanalara doly utgaşyklygy maksady bilen ylalaşyk gazanylandygyny mälim edipdi.
Ylalaşyga laýyklykda gurama Ýefrat derýasynyň gündogaryna çekiler.
Gümrük geçelgeleri we nebit-gaz känleri bilen birlikde jemgyýetçilik guramalar döwletiň gözegçiligine berler.











