Eýran Pakistan-Owganystan dartgynlygynyň ortadan aýrylmagynda töwellaçy bolmak isleýär
Eýranyň Daşary işler ministrligi, Owganystan bilen Pakistanyň arasyndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagyna töwellaçylyk edip biljekdiklerini mälim etdi.
Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi, Pakistan bilen Owganystana çaknyşyklaryň bes edilmegi we meseläniň gepleşik arkaly çözülmegi üçin çagyryş etdi we iki goňşy ýurduň arasynda gepleşikleriň geçirilmegi üçin Tähranyň töwellaçylyk edip biljekdigini aýtdy.
Arakçi anna güni X sosial media paltformasy arkaly beren habarnamasynda “Mübärek Remezan aýy Musulman dünýäsinde nebsi terbiýeleýän we arkalaşygyň güýçlenýän aýydyr. Bu aýda Owganystan bilen Pakistanyň özara düşnüşmezligini goňşuçylyk gatnaşyklarynyň çäginde gepleşik arkaly çözmekleri has ýerlikli bolar” diýdi.
Ministr Arakçi “Eýran Yslam Respublikasy, iki ýurduň arasynda gepleşikleriň geçirilmegi üçin elinden geleni etmäge taýar” diýdi.
Owgan resmilerine görä, Pakistanyň harby goşuny, paýtagt Kabul bilen Kandahar we Paktiýa welaýatlary bilen birlikde Owganystanda birnäçe sebite howa hüjümini gurady.
Ýerli wagt bilen 02.30-da, halkara wagt boýunça 22.00-da Kabulyň merkezinden güýçli partlama sesleri eşidildi.
Owgan hökümetiniň metbugat sekretary hüjümlerde adam pidasynyň çekilmändigini mälim etdi.
Pakistan bolsa hüjümler sebäpli Owganystanyň uly ýitgi çekendigini habar berdi.
Pakistanyň Premýer-ministriniň metbugat sekretary Mosharraf Zaidi hüjümlerde 133 owgan esgeriniň öldürlendigini, 200-den gowrak esgeriň hem ýaralanandygyny aýtdy.
Zaidi hüjümlerde Pakistanyň harby goşunynyň Owganystana degişli 27 harby merkezi we 80-den gowrak tank bilen sowutly ulagy hatardan çykarandygyny mälim etdi.
Owganystanyň Kandahar welaýatyna guralan hüjümde ýarag ammary bilen logistiki harby bazanyň hatardan çykarlandygy nygtaldy.
Beýleki tarapdan Owganystanyň Goranmak ministrligi, owgan güýçleriniň Durand liniýasynda Pakistanyň pozisiýalaryny nyşana alan operasiýalaryny düýn gije tamamlandygyny mälim etdi.
4 sagat dowam eden çaknyşykda azyndan 8 owgan esgeri bilen pakistanly 2 esgeriň ýogalandygy nygtaldy.
Pakistanyň geçen hepde 70 terrorçyny öldürendigini mälim etmeginden soň iki goňşy ýurduň arasyndaky dartgynlyk möwjedi.
BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, çaknyşyklara alada bildirýändigini mälim etdi.
BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Stefan Dužarriç, Guterreşiň degişli taraplara halkara hukugynyň çäginde jogapkärçilikli hereket etmekleri we dartgynlygyň diplomatiýa arkaly çözülmegi üçin çagyryş edendigini aýan etdi.