SYÝASAT
1 minut okamak
Papa Leo XIV Stambulda Soltanahmet metjidinde baryp gördi
Papa Leo XIV türk resmileri bilen birlikde Stambul şäherinde ýerleşýän Soltanahmet metjidine baryp gördi.
Papa Leo XIV Stambulda Soltanahmet metjidinde baryp gördi
Papa Leo XIV Stambulda Soltanahmet metjidinde baryp gördi / AA

Watikanyň döwlet Ýolbaşçysy Papa Leo XIV Türkiýä guraýan resmi saparynyň çäginde şenbe güni taryhy Soltanahmet metjidine baryp gördi.

Wekiliýeti bilen birlikde metjide baryp gören Papa, alty minarasy bolan ilkinji Osmanly metjidi hökmünde bilinýän bina hakynda maglumat aldy.

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý bilen Stambulyň müftüdi Emrullah Tunjel Papa ýoldaşlyk etdi.

Müezzin Aşkyn Musa Tunja Papa Leo XIV metjidiň arhitekturasy we taryhy ähmiýeti hakynda maglumat berdi.

Papa Leo XIV penşenbe güni Prezident R. T. Erdoganyň myhamny hökmünde ilkinji daşary ýurt sapary bilen Türkiýä gelipdi.

Paýtagt Ankarada howa menzilinde Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý tarapyndan garşylanan Papa Leo XIV dünýäde parahatçylygyň ýola goýulmaygnyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Papa Türkiýä guraýan saparynda kardinal Pietro Parolin we arkepiskop Pol Riçard Gallagher ýoldaşlyk edýär.

 

Öwren
Prezident Erdogan telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär
Kazyýet Respublikan halk partiýasy CHP-niň geçiren gurultaýyny bes etdi
Russiýa bilen Hytaý özara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin 20 resminama gol çekişdi
ABŞ bilen Ysraýyl Ahmedinežady häkimiýetiň başyna geçirmegi meýilleşdirdi
Pezeşkiýan Papa ugradan ýüzlenmesinde Eýranyň diplomatiýa goldaw berýändigini nygtady
Prezident Erdogan Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew bilen duşuşdy
Erdogan: Hazardan geçýän Gündogar-Günbatar koridorynyň ähmiýeti gün saýyn artýar
“Eýran bilen arabaglanşykly meseleler harby taýdan çözülip bilinmez”
Tramp: “Siziň dostuňyz bolmak uly hormatdyr”
Parahatçylyk gepleşikleriniň başlamagy üçin Ukraina Donbasdan çekilmeli
Prezident Erdogan Gazagystanda saparda bolar
Tramp Wenesuelany ABŞ-nyň 51-nji ştaty hökmünde häsiýetlendirdi
Daşary işler ministri Hakan Fidan Katarda saparda bolýar
Eýranyň Nur Han howa bazasyna harby uçar ugrandygy hakyndaky habarlar asylsyz
Ben Gwir bikanun ýaşaýyş jaýlaryna sanksiýa giriznegi sebäpli ÝB-ni "antisemitizmde" günäkärleýär
Erdogan: Geosyýasy wakalar Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň nähili möhümdigini görkezýär
Eýranyň Prezidenti: “Gepleşiklerden söz etmek boýun egmek manysyny aňlatmaýar”diýdi
Prezident Erdogan Al Nahaýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Erdogan Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabyndaky strategik ähmiýetine ünsi çekdi
Amerikan Kongresiniň agzalary Rubiodan Ysraýylyň ýadro mümkinçiligi barada maglumat sorady