SYÝASAT
2 minut okamak
Tramp Türkiýe hakynda öwgüli sözler aýtdy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Türkiýäniň Gaza söweşiniň bes edilmeginde we ylalaşygyň gazanylmagynda uly rol oýnandygyny aýtdy.
Tramp Türkiýe hakynda öwgüli sözler aýtdy
Tramp Türkiýe hakynda öwgüli sözler aýtdy
13 Oktýabr 2025

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Gaza ylalaşygynyň gazanylmagynda uly rol oýnan Türkiýe hakynda öwgüli sözler aýty we Prezident R. T. Erdogany “ajaýyp adam” hökmünde häsiýetlendirdi.

Müsürde geçiriljek halkara Gaza sammitiniň öňüsyrasynda metbugata beýannama beren Tramp, “Türkiýe uly rol oýnady. Prezident Erdogan ajaýyp adam. Hakykatdan hem ylalaşygyň gazanylmagynda uly rol oýnady. Erdogana uly sarpa goýulýar. Türkiýe täsiri güýçli ýurt we güýçli goşuny bar”diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp, Gazada hüjümleriň bes edilmegi, ýesirleriň we tussaglylaryň boşadylmagy boýunça Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda gazanylan ylalaşykda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Kataryň, Saud Arabystanynyň, İndoneziýanyň we İordaniýanyň hem uly rol oýnandygyny belledi.

Air Fors Oneada metbugata beýannama beren Tramp, Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda gazanylan ylalaşyga bildirilýän aladalara üns bermeýändigini aýtdy.

“Parahatçylygy ýola goýmak”

Ylalaşygyň dowam edip etmejekdigi hakyndaky soraga jogap beren Tramp, “Men dowam etjekdigine ynanýaryn. Ynsanlar çaknyşykdan ýadady” diýdi.

Trampyň Ýakyn Gündogar ýurtlaryna gurajak saparynyň ilkinji duralgasy Ysraýyl bolar.

Prezident Trampyň Tel-Awiwde ysraýylly ýesirleriň hossarlary bilen duşuşmagyna we Ysraýylyň parlamentinde çykyş etmegine garaşylýar.

Tramp duşenbe güni Müsüriň Şarm Al-Şeýh şäherinde geçiriljek Gaza parahatçylyk sammitine hem gatnaşar.

Tramp bilen Müsüriň Prezidenti Sisiniň ýolbaşçylyk etmeginde geçiriljek sammit, Gazadaky söweşiň bes edilmegini, Ýakyn Gündogarda parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin täze etabyň başladylmagyny maksat edinýär.

Türkiýäniň Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran ýekşenbe güni sosial media arkaly beren habarnamasynda Prezident Erdoganyň Sisiniň we Trampyň çakylygyna laýyklykda Gaza sammitine gatnaşjakdygyny mälim etdi.

 

 

Öwren
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady
Dünýä ýurtlary Gaza ylalaşygyna goldaw berýär