SYÝASAT
2 minut okamak
Prezident Erdogan Aşgabatda rus kärdeşi Putin bilen duşuşdy
Prezident Erdogan Türkiýäniň Russiýa-Ukraina parahatçylyk gepleşiklerine ýer eýeçiligini edip biljekdigini aýtdy.
Prezident Erdogan Aşgabatda rus kärdeşi Putin bilen duşuşdy
Prezident Erdogan Aşgabatda rus kärdeşi Putin bilen duşuşdy / Reuters

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan anna güni berlen beýannama görä, Prezident R. T. Erdogan, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen bolan duşuşygynda Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegi üçin geçirilýän parahatçylyk gepleşikleri bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny aýtdy.

Prezident Erdogan Ankaranyň şol gepleşiklere ýer eýeçiligini edip biljekdigine ünsi çekdi.

Erdogan bilen Putin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirlen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyň çäginde özara duşuşyk geçirdi.

Iki lider duşuşykda özara gatnaşyklar bilen birlikde Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegi üçin edilýän tagallalar hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogana iş saparynyň çäginde Daşary işler ministri Hakan Fidan, Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn, Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran bilen birlikde Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary Halit Ýerebakan ýoldaşlyk etdi.

Erdogan söweşiň adalatly we yzygiderli ýagdaýda bes edilmegi üçin edilýän tagallalaryň möhümdigini nygtady, iki tarapyň hödürlenen teklipler boýunça ylalaşyk gazanyp biljekdigini belledi.

Prezident Erdogan esasan energetika desgalarynyň we portlaryň nyşana alynmazlygy boýunça gazanyljak ylalaşygyň diýseň möhümdigine ünsi çekdi.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident Erdogan, Ankaranyň söweşiň bes edilmegi üçin edilýän tagallalar bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny we parahatçylyk gepleşiklerine ýer eýeçiligini etmäge taýardygyny nygtady.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynda eden çykyşynda döwletlara gatnaşyklaryň BMG-nyň ýörelgeleri bilen utgaşykly ýagdaýda alnyp barylmagynyň möhümdigini nygtady we Türkmenistanyň alyp barýan deňagramly daşary syýasaty we sebitiň durnuklylygyna goşýan goşandy hakynda öwgüli sözler aýtdy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada giden Prezident Erdoganyň iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen birlikde beýleki döwlet we hökümet baştutanlary bilen özara duşuşyk geçirdi.

 

 

Öwren
Prezident Erdogan Wladimir Putin bilen duşuşdy
“Türkiýe dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla edýär"
Ministrler Fidan bilen Güler, Pakistanyň Daşary işler ministri Dar bilen Bişkege gidýär
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Liderler sammiti Bişkekde öz işine başlady
Prezident Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew bilen duşuşdy
Prezident Erdogan Bişkege bardy
Tramp “Men ABŞ-nyň Prezidenti bolmadyk bolsadym Ysraýyl ýok bolardy”
Eýran Ormuz bogazynda ABŞ-na degişli MQ-9 kysymly drony urup düşürendigini habar berdi
Ukraina Samara sebitindäki senagat desgasyna we Ozon onlaýn söwda ammaryna hüjüm gurady
Eýranyň Baş ştabynyň başlygy: “Duşmanyň täze howplaryna degişli gaýtawuly görkezeris”
BMG-nyň Baş sekretary Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerini berk ýazgardy
Daşary işler ministri Hakan Fidan kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Ysraýyl 2 ýyl soň ahyry 5 ýaşyndaky Hind Ražaby öldürendigini boýun aldy
Prezident Erdogan Ýaponiýanyň Premýer-ministri Takaiçi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
“ABŞ-nyň Eýrana guraýan hüjümlerine goldaw bermäň”
Eýran: “Ysraýyl ABŞ bilen gazanylan ylalaşygyň durmuşa geçirilmegini bökdeýär”
Ýaponiýa: “ABŞ bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk diýseň möhüm”
Prezident Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Tramp, ABŞ-Eýran gepleşiklerini bökdän halatynda Omany bombalamak bilen hemle atdy
Tramp: “Esasy maksadymyz Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň öňüni almak”