Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Maria Zaharowa, Eýranyň Yspyhan şäherindäki rus konsullugyna hepdäniň başynda guralan bombaly hüjümler sebäpli zeper ýetirlendigini aýtdy.
Zaharowa, rus diplomatik wekilhanasyna guralan hüjümiň halkara hukugynyň basgylanandygyny açyk aýdyň görkezýändigini we degişli taraplaryň “diplomatik wekilhanalaryň goralmagy” düzgününe sarpa goýmalydygyny nygtady.
Zaharowa metbugata beren beýannamasynda “8-nji martda Eýranyň Yspyhan şäherinde welaýat häkimligine guralan hüjümde rus konullugyna zeper ýetirildi” diýdi.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Maria Zaharowa, “Hüjümde adam pidasy çekilmedi emma konsullyga zeper ýetirildi” diýdi.
Waka ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy guraýan bilikdäki hüjümleri sebäpli dartgynlygyň möwjän günlerinde başdan geçirildi.
Kreml tarapyndan berlen beýannama görä, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin sişenbe güni Eýranyn Prezidenti Mesud Pezeşkiýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Putin bilen Pezeşkiýan telefon söhbetdeşliginde dowam edýän çaknyşyklar hakynda pikir alyşdy.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hüjümleriň gyssagly bes edilmegi çagyryşyny berdi.














