Eýranyň Ynkylap goragçylary goşuny “Nasr 2” operasiýasynyň 21-nji we 22-nji tolkunynyň çäginde ABŞ-nyň İordaniýadaky we Kuweýtdäki harby bazalaryna raketa we dron hüjümini gurandygyny habar berdi.
Ynkylap goragçylary tarapyndan berlen beýannamada, Iordaniýanyň Al-Azrak sebitinde ABŞ-na degişli 20 angara raketa hüjüminiň guralandygy, hüjümde amerikaly köp sanly esgeriň ýogalandygy öňe sürüldi.
Beýannamada Iordaniýanyň Akaba howa menziline guralan raketa hüjüminde ABŞ-nyň harby goşunyna degişli J-17 kysymly ýük uçarlaryna we P-8 kysymly gözegçilik uçarlaryna uly zeper ýetirlendigi öňe sürüldi.
“Nasr 2” operasiýasynyň 22-nji tolkunynda bolsa Kuweýtdäki Ali as-Salem howa bazasyna dron hüjüminiň guralandygy nygtaldy.
Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň Ormuz bogazyndan geçýän gämiler hakyndaky beýannamasynda bolsa iki nebit tankeriniň ABŞ-nyň basyşy sebäpli howply ýoldan geçmäge çalşandygy we tankerleriň ýarylandygy nygtaldy.
Partlamanyň sebäbi barada bolsa hiç hili maglumat berilmedi.
Beýannamada şeýle hem Eýranyň kesgitlän ýollardan daşary ähli ýollaryň gämi gatnawy üçin howply bolmagynda galýandygy duýduryldy.




















