Eýrandaky protest ýörişlerinde azyndan 6 müň 126 adamyň öldürlendigi nygtalýar

Merkezi ABŞ-da ýerleşýän adam hukuklary guramasy, Eýranda geçirlen protest ýörişlerinde müňlerçe adamyň öldürlendigini, şol sanyň hökümetiň resmi görkezijilerinden has ýokarydygyny mälim etdi.

By
Eýrandaky protest ýörişlerinde azyndan 6 müň 126 adamyň öldürlendigi nygtalýar / Reuters

Meýletinler sişenbe güni Eýranda geçirlen protest ýörişleriniň basylyp ýatyrylmagy üçin azyndan 6 müň 126 adamyň öldürlendigini mälim etdi we şol sanyň ýokarlamagyna alada bildirýändiklerini nygtady.

Täze görkezijiler Eýranda başdan geçirlen dartgynly döwürlerde dogry netijeleri beren merkezi ABŞ-da ýerleşýän adam hukuklary goramasy tarapyndan geldi. Gurama soňky görkezijileriň Eýrandaky meýletinler tarapyndan tassyklanandygyny nygtaýar.

Ýolbaşçylaryň internedi kesmegi we Eýran Yslam Respublikasynyň telefon aragatnaşygyny bökdemegi sebäpli Assojiated Press ýogalanlaryň sanyny garaşsyz ýagdaýda analiz edip bilmedi.

Eýranyň hökümeti başdan geçirlen soňky wakalarda 3 müň 117 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Ýogalanlaryň 2 müň 427-niň asuda ilatdan we howpsuzlyk güýçlerinden ybaratydygy, beýlekileriň bolsa terrorçydygy bellenildi.