DÜNÝÄ
1 minut okamak
Hytaýda feýerwerk dükanynda bolan partlamada 12 adam ýogaldy
Bu Hytaýda şu aýda bolan ikinji senagat heläkçiligidir. Hubeýde Aý Täze ýyl baýramçylygy mahalynda bolan ölüm howply partlama resmiler tarapyndan derňelýär.
Hytaýda feýerwerk dükanynda bolan partlamada 12 adam ýogaldy
Hytaý

Döwlet telewideniýesi CCTV tarapyndan berlen maglumata görä, Hytaýyň merkezindäki feýerwerk dükanynda Aý täze ýylynyň ikinji gününde bolan partlamada 12 adam ýogaldy.

Hytaýda, esasanam, adatça sişenbe günleri geçirilýän Aý Täze ýyl dabaralarynda feýerwerkler we petardalar giňden ulanylýar.

Soňky ýyllarda paýtagt Pekin şäheri bilen birlikde köp sanly iri şäherler hapalanma aladalary sebäpli bölekleýin ýagdaýda bu tejribäni gadagan etse-de, şäherlerde we oba ýerlerinde baýramçylyk möwsüminde birnäçe günläp feýerwerkleriň we "raketa" feýerwerkleriniň partlaýan sesleri eşidilýär.

CCTV-niň ýerli resmilere salgylanyp beren maglumatyna görä, "Aýyň 18-nji gününde, takmynan sagat 14:00-da Hubeý welaýatynyň Çžençji şäherindäki feýerwerk dükanynda ýangyn we partlama boldy” diýdi.

CCTV: “Ýangyn takmynan 50 inedördül metr meýdany gurşap aldy we eýýäm 12 adamyň ölümine sebäp boldy” diýdi we partlamanyň sebäbiniň derňelýändigini hem habar berdi.

Öwren
ABŞ Abi-Dabide geçiriljek Russiýa-Ukraina gepleşiklerine töwellaçylyk eder
Russiýa Eýrana guralyp bilinjek täze hüjümlere alada bildirýär
Ysraýyl 10 gün soň Al Halilden çekildi
“Putin Zelenskiýniň telefonyna jogap berer”
Ormuz bogazynda nebit tankeri mina kakdy
Keşm adasynyň golaýynda duşmanyň harby uçary sebitden çetleşdirildi
“Goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edilmegi netijesinde sebitimizde howpsuzlygy üpjün edip bileris”
Ukraina 1214 dron bilen Russiýa hüjüm gurady
Kanada bilen BAE Giň gerimli ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy
Russiýa Ukrainanyň Herson ugrunda wagtlaýyn ot açmagy bes etmek barada karara geldi
Arap koalisiýasy: "Husiler tarapyndan Saud Arabystanyna uçurylan üç raketa we dört UHU ýok edildi"
Türkiýäniň, Saud Arabystanynyň, Pakistanyň we Eýranyň arasyndaky dörttaraplaýyn maslahatyň jarnamasy
Terror guramasy PKK-niň Sinjardaky şahasy ýaraglaryny taşlap Yragyň harby goşuny bilen integrirlener
Russiýa: “Woronež sebitine guralan dron hüjüminde otludaky 2 adam ýogaldy”
Russiýa: Ukraina boýunça üçtaraplaýyn gepleşiklere 4-nji noýabrdan soň taýýar bolarys
Alžir Nigere esger ugradar
Braziliýada geçirlen saýlawda Lula da Silwa üstünlik gazandy
Russiýa: Ukrainadaky logistika merkezlerine we ýük gämisine hüjüm guradyk
Tramp uruşdan soň ABŞ-nyň Ukraina we Russiýa bilen söwda etmäge taýýardygyny aýan etdi
Russiýa: Ukrainada deňiz menzilini we ýük gämisini nyşana aldyk