Türkiýe, çarşenbe güni Kongo Demokratik Respublikasynyň gündogarynda jynaza guralan terrorçylykly hüjümde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.
Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “Kongo Demokratik Respublikasynyň Demirgazyk Kiwu sebitinde DEAŞ bilen arabaglanşykly Hyzmatdaş demokratik güýçler guramasy tarapyndan guralan terrorçylykly hüjümde köp sanly adamyň ýogalmagyna uly gynanç bildirýäris. Hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna we Kongo Demokratik Respublikasynyň halkyna duýgudaşlyk bildirýäris” diýdi.
Sişenbe güni DEAŞ bilen arabaglanşykly Hyzmatdaş demokratik güýçler guramasy tarapyndan guralan hüjümde onlarça adam ýogaldy.
Soňky ýyllarda Kongo Demokratik Respublikasynyň gündogarynda DEAŞ bilen arabaglanşykly Hyzmatdaş demokratik güýçler guramasy tarapyndan ýygy-ýygydan hüjüm guralýar.
Ugandada döredilen bu ýaragly gurama serhetleri aşyp Kiwu sebitinde iş alyp barmaga başlady we syýasy durnuksyzlykdan we ýerli çaknyşyklardan peýdalandy.
Gurama çetki etrapçalarda umuman howpsuzlyk güýçlerini we asuda ilaty nyşana alýar.