Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň başlygy Neçirwan Barzani bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, sebitdäki soňky ýagdaýlar barada pikir alyşdy.
Türkiye Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy Türkiyäniň sosial media platformasy NSosyal arkaly beren beýanatyna görä, Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkiyäniň sebiti uzak möhletli betbagtçylyga sezewar edip biljek başlangyçlara garşy tagallalaryny dowam etdirjekdigini we terror guramalarynyň we oňa degişli toparlaryň soňky işlerine berk gözegçilik edilýändigini aýtdy.
Erdogan: “Türkiye bu möhüm döwürde Yragyň ýanyndadyr” diýdi.
Prezident Erdogan şeýle hem Türkiyäniň sebitleýin çaknyşyklary bes etmek we gepleşik tapgyryna gaýdyp gelmegi üpjün etmek üçin işjeň iş alyp barýandygyny aýtdy.
Erdogan bilen Barzani telefon söhbetdeşlikleriniň dowamynda “Terrorsyz Türkiye” başlangyjynyň ähmiýetini hem nygtadylar.
Prezident Erdogan mundan ozal bolsa Stambulda geçirilen Türki Döwletler Guramasynyň resmi däl duşuşygynda Türk Geňeşiniň daşary işler ministrlerini kabul edipdi.














