DÜNÝÄ
2 minut okamak
Papa Fransisk bäş hepde dowam eden bejergiden soň Watikana gaýdyp geler
Papa Fransisk bäş hepde dowam eden saglyk bejergisinden gowulaşmak üçin soň Watikana gaýdyp geler
00:00
Papa Fransisk bäş hepde dowam eden bejergiden soň Watikana gaýdyp geler
Watikan
24 Mart 2025

88 ýaşyndaky ruhany lider Watikana gaýdyp barmak üçin taýýarlyk görýär. Emma lukmanlar iň bolmanda 2 aýlyk gowulaşmak tapgyry bilen ýüz-ýüzedigini we wezipelerini azaltjakdygyny beýan etdiler.

Papa Fransisk pnewmoniýa sebäpli 5 hepdäniň dowamynda hassahanada bejergi alanyndan soň gowulaşmagy üçin iň gowy ýeriň Watikandygyny aýdan lukmanlaryň maslahatyna laýyklykda ýekşenbe güni Watikana gaýdyp barar.

Katoliki buthanasynyň 88 ýaşyndaky lideri, saglyk ýagdaýynyň hassahanadan çykjak derejede gowulaşandygyny eşitmekden şatdygyny habar berdi. Şenbe güni şol beýanaty bren lukmanlaryň biri bolan Sergio Alfieri, Papa Fransiskiň azyndan iki aýlyk gowulaşmak tapgyry bilen ýüz-ýüzedigini beýan etdi. Papa Fransiskiň günortandan soň hassahanadan çykarylmagy meýilleşdirilýär.

Watikanyň habaryna görä, Papa Fransisk hassahananyň daşynda oňa garaşýanlara ak pata berip, el galgadyp, gysgaça çykyş eder. Bu onuň 14-nji fewraldan bäri ilkinji köpçülik öňündäki çykyş bolar.

Papa Fransiskiň 14-nji fewraldan bäri hassahanada galmagy onuň wezipesinde bolan mahaly hassahanada galan iň uzak möhleti boldy we 2013-nji ýylda saýlananyndan bäri 4-nji gezek hassahana ýatyşy boldy. Saglygynyň barha erbetleşmegi bilen Fransiskiň hem özünden ozal Papa wezipesinde bolan Benedikt XIV ýaly wezipesinden çekilip-çekilmejekdigi bilen bagly öňe sürmeleriň döremegine sebäp boldy.

Dynç alyş döwri

Papanyň lukmanlary şenbe güni Rimdäki Gemelli hassahanasynda metbugat işgärleri bilen gürrüňdeş bolup, Fransiskiň saglyk ýagdaýynyň gowulaşýandygyny habar berdiler. Watikan çarşenbe güni beren beýanatynda, Papanyň kislorod maskasyz hem dem alyp bilýändigini mälim etdi.

Emma Alfieri: “Onuň saglygy öýünde has gowy dikeler, sebäbi hassahana – bu geň ýaly görünsede – saglygy dikeltmek üçin iň erbet ýer bolup biler, sebäbi ol ýerde has köp ýokanç keseller ýokuşyp biler” diýip belledi.

Lukman Papanyň ýekşenbe güni hassahanadan çykyp Watikandaky Keramatly Marta öýüne gaýdyp barjakdygyny beýan etdiler. Fransisk şol binadaky ýörite jaýda ýaşaýar. Emma Alfieri papanyň tiz wagdta wezipesine gaýdyp barmagynyň mümkin däldigini aýtdy.  

Alfieri: “Dikeldiş döwri, adaty ýagdaýda, dynç alyş döwrüdir. Şonuň üçin bu döwürde onuň gündelik işlerini ýerine ýetirmegi mümkin däl” diýdi.

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy
Demirgazyk Koreýa balistiki raketa synagyny geçirdi
Sudan RSF-den ar alar
Tramp Waşingtonda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri bilen duşuşyk geçirer
Russiýa: Putin-Tramp sammitiniň şertleri entek ýerine ýetirilmedi
Ysraýyl Günbatar Şeria guraýan hüjümlerini artdyrýar
Britaniýada 25 müňden gowrak adam Ysraýylyň halkara futboldan çetleşdirilmegine goldaw berdi
Nýu-Ýorkuň taryhyna adyny ýazdyran ýaş musulman dalaşgär: Zohran Mamdani
Ghazala Haşmi ABŞ-da ştat derejesindäki wezipä saýlanan ilkinji musulman amerikaly zenan boldy
Bosniýada garrylar öýünde bolan ýangynda 10 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy