DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ysraýyl Damaska guran hüjümlerinde siriýaly 6 esgeri öldürdi
Siriýanyň Al Ihbariýýe teleýaýlymynyň berýän habaryna görä, Ysraýyl Damaskyň çetki etrapçalarynda Siriýanyň harby goşunyna degişli merkezleri nyşana aldy.
Ysraýyl Damaska guran hüjümlerinde siriýaly 6 esgeri öldürdi
27 Awgust 2025

Siriýanyň Al Ihbariýýe teleýaýlymynyň berýän habaryna görä, Ysraýyl, Damaskyň günortasynda ýerleşýän Kiswe şäheriniň golaýyndaky harby merkezlere uçarmansyz howa ulagy bilen guran hüjüminde Siriýanyň harby goşunyndan 6 esgeri öldürdi.

Sişenbe güni berlen habarda, Ysraýyla degişli uçarmansyz howa ulaglarynyň Damaskyň çetki etrapçalarynda Siriýanyň harby goşunyna degişli merkezleri nyşana alandygy nygtaldy.

Başar Asadyň geçen ýylyň dekabr aýynda häkimiýetden çetleşdirilmeginden soň Ysraýylyň Siriýadaky harby merkezlere ýüzlerçe hüjüm gurandygy bellenildi.

Hüjümlerde harby uçarlaryň, raketa ulgamlarynyň we howa goranyş desgalarynyň nyşana alynandygy nygtaldy.

Ysraýyl mundan başgada Siriýa bilen 1974-nji ýylda baglaşylan şertnama garamazdan esgerden saplanan araçäk zolagy ele geçirmek bilen basyp alyşlyk astynda bolan Golan depelerindäki esger sanyny artdyrdy.

25 ýyldan bäri Siriýanyň lideri bolan Asad, dekabr aýynda Russiýa gaçyp gidipdi.

1963-nji ýyldan bäri häkimiýetiň başynda bolan Baas partiýasynyň häkimiýetden çetleşdirilmeginden soň Siriýada ýanwar aýynda Ahmed Şaranyň ýolbaşçylygynda wagtlaýyn hökümet guruldy.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Ysraýylyň Liwan-Siriýa serhedine guran hüjüminde 4 adam ýogaldy
Ukraina Gara deňziň möhüm portuna hüjüm gurady; Russiýa bolsa Zaporožýedäki bir obany basyp aldy
Ysraýyl Gazada guran soňky hüjümlerinde 30 palestinalyny öldürdi
"ABŞ sanksiýalary ýatyran halatynda, Eýran ýadro gepleşiklerinde egilşik etmäge taýýar"
Rubio: Tramp Eýran bilen ylalaşyk baglaşmagy has makul görýär
Ysraýyl ylalaşygyň düzgünini bozup ýene-de Liwana hüjüm gurady
“BRICS-iň harby hyzmatdaşlyga öwrülmegi barada öňe sürülýän garaýyşlar asylsyz”
Bangladeşde ýekşenbe gününe çenli täze hökümet gurlar
Tähran müňlerçe adamyň ýogalmagyna sebäp bolan  ýörişlerden soň derňew komissiýasyny döredýär
Russiýanyň Odessa portuna guran howa hüjüminde 1 adam ýogaldy, 6 adam ýaralandy
Taryk Rahman Bangladeşiň Premýer-ministri bolar
Russiýa Kuba energiýa kömegini berer
Siriýa ABŞ-nyň Iordaniýa çekilmeginden soň Al Tanf bazasyny ele geçirdi
ABŞ bilen Meksika kokaina garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirýär
Bangladeşde 2024-nji ýyldaky pitneden soň ilkinji gezek saýlaw geçirilýär
Rus harby desgasyna degen raketanyň galyndylary sebäpli golaýdaky oba boşaldyldy
Pezeşkiýan: “Eýran artykmaç talaplara boýun egmez” diýdi
Russiýanyň Ukraina guran hüjüminde 4 adam öldi
Polşa Russiýanyň rus harbysynyň janyna kast etmek synanşygy bilen bagly aýyplamalary ret edýär
Russiýa Ukrainanyň Odessa şäherinde energetika desgasyny nyşana aldy