ABŞ Gaza Halkara howpsuzlyk güýjüniň ornaşdyrylmagy üçin Howpsuzlyk geňeşine teklip hödürledi

Kanun teklibi Howpsuzlyk geňeşinden Gazadaky ylalaşyga gözegçilik etmegi we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň 20 maddadan ybarat ýaraşyk meýilnamasyny goldamak üçin Halkara howpsuzlyk güýjüniň döredilmegini talap edýär.

By
ABŞ Gaza Halkara howpsuzlyk güýjüniň ornaşdyrylmagy üçin Howpsuzlyk geňeşine teklip hödürledi / Reuters

ABŞ, Prezident Donald Trampyň 20 maddadan ybarat Gaza parahatçylyk meýilnamasyny goldamagy maksat edinýän we Halkara durnuklylyk güýjüniň döredilmegi üçin taýýarlanan taslamany ýaran ýurtlaryň garamagyna hödürländigini beýan etdi.

ABŞ-nyň wekilhanasynyň metbugat sekretary çarşenbe güni beren beýannamasynda ABŞ-nyň İlçisi Maýk Walsyň taslamany Howpsuzlyk geňeşiniň 10 agzasy bilen Türkiýäniň, Müsüriň, Kataryň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Saud Arabystanyň resmileriniň garamagyna hödürländigini habar berdi.

Taslamanyň sese goýulmagy üçin wagt kesgitlenmedi.

ABŞ-nyň beýannamasynda taslamanyň Trampyň 20 maddadan ybarat meýilnamasynda göz öňünde tutulýan we Trapmyň ýolbaşçylyk etmegindäki Gaza üçin wagtlaýyn dolanşyk organy bolan “Parahatçylyk geňeşine” kanagatlanma bildirendigi mälim edilýär.

Şeýle hem taslamada beýan edilýän “Halkara durnuklylyk güýjüne” ygtyýar berilmegi hem talap edilýär.

Diplomatik çeşmeler birnäçe ýurduň Halkara durnuklylyk güýjüne goşulmaga isleg bildirdi, emma Palestine goşun ugratmazdan ozal Howpsuzlyk geňeşiniň bu barada karar kabul etmegini talap edýär.

ABŞ-nyň resmisi; “Amerika Prezident Trampyň batyrgaý öňbaşçylygynda BMG-den netije alar” diýdi.

Halkara güýjüň döredilmegi Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda 10-njy oktýabrda gol çekişilen ylalaşygyň esasy düzüm bölegi bolup durýar.

Ylalaşyga laýyklykda harby goşun esasan arap we musulman ýurtlardan saýlanar hem-de Ysraýylyň goşuny yza çekilenden soň Gazadaky howpsuzlyga gözegçilik etmek üçin ornaşdyrylar.

Trampyň meýilnamasynyň nobatdaky tapgyrlary Ysraýylyň Gazada doly çykmagyny, Hamasyň ýaragsyzlandyrylmagyny we Palestinde ýumrulan ilatly ýerleriň gaýtadan dikeldilmegini narda tutýar.