ÝB-niň liderleri Şara bilen duşuşdy
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antonio Kosta bilen Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen Siriýa goldaw berýändiklerini mälim etdi.
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antonio Kosta bilen Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen Nýu-Ýorkda geçirilýän BMG-nyň Baş Assableýasynyň çäginde Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara bilen duşuşdy.
X sosial media platformasy arkaly berlen habarnamada, ÝB-niň liderleriniň Şara bilen Siriýanyň geçiriş etabynda başdan geçirýän kynçylyklary hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.
Habarnamada ÝB-niň Siriýanyň hökümetiniň parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin edýän tagallasyna goldaw berýändigi bellenildi.
Habarnamada “ÝB, syýasy dialogyň artdyrylmagyna, Siriýanyň ykdysady taýdan galkynyşyna we gaýtadan dikeldiş etabyna goldaw bermäge taýar” diýildi.
25 ýyldan bäri Siriýada häkimiýetiň başynda bolan Başar Asadyň geçen ýylyň dekabr aýynda wezipesinden çetleşdirilmeginden we Russiýa gaçyp gitmeginden soň Ahmed Şaranyň ýolbaşçylygynda ýanwar aýynda wagtlaýyn hökümet gurulýar.
Siriýanyň täze hökümeti jemgyýetçilik jebisligi ösdürmäge, sebitara we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýar.