Türkiye Awstriýada mekdepde guralan hüjüm sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi hüjümde zyýan çeken türk raýatlaryň bolup-bolmandygyny kesgitlemek üçin Awstriýanyň resmileri bilen aragatnaşyk içindediklerini habar berdi.

Türkiye Awstriýanyň Graz şäherindäki mekdepleriň birinde guralan elhenç ýaragly hüjüm sebäpli duýgudaşlyk bildirip, ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna we Awstriýanyň halkyna gynanç bildirdi.

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi sişenbe güni beren beýanatynda: “Awstriýanyň Graz şäherindäki mekdepleriň birinde 10-njy iýunda amala aşyrlan ýaragly hüjüm zerarly çuňňur gynanç bildirýäris” diýip belledi.

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi hüjümde zyýan çeken türk raýatlaryň bolup-bolmandygyny kesgitlemek üçin Awstriýanyň resmileri bilen aragatnaşyk içindediklerini habar berdi.

Daşary işler ministrligi: “Hüjümde ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna we Awstriýanyň halkyna gynanç bildirýäris, ýaralanan adamlaryň tiz wagtda sagalmakalryny dileýäris” diýip mälim etdi.