DÜNÝÄ
2 minut okamak
Russiýanyň Kiýewe guran hüjüminde azyndan 12 adam ýogaldy
Russiýa penşenbe güni irden Kiýewdäki ýaşaýyş ýerlerine raketa we uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurady, bäş gatly bina çökdi we söwda merkezi nyşana alyndy.
Russiýanyň Kiýewe guran hüjüminde azyndan 12 adam ýogaldy
28 Awgust 2025

Rus raketalary we uçarmansyz howa ulaglary penşenbe güni irden Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherindäki ýaşaýyş jaýlaryny nyşana aldy. Hüjümde azyndan 12 adam ýogaldy, 48 adam ýaralandy. Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý bu hüjümiň parahatçylyk gepleşiklerine aç-açan hormatsyzlykdygyny aýtdy.

Kiýew şäher harby dolandyryş gullugy (KMVA) ýogalan we ýaralanana damalryň bardygyny tassyklady. KMVA-nyň başlygy Timur Tkaçenko ýogalanlaryň sanynyň 12 adama ýetendigini we şolaryň arasynda 2, 14 we 17 ýaşlarynda 2 çaganyň bardygyny habar berdi. Timur Tkaçenko Telegramdan beren beýanatynda: “Duşmanyň hüjümleriniň entijesinde ýogalan adamlaryň sany 12-ä ýetdi. Gynansagam olaryň arasynda 3 çaga bar” diýip mälim etdi.

Kiýewiň şäher prokuraturasy şu gün irden guralan hüjümleriň netijeleriniň paýtagtyň sekiz etrabynda hasaba alnandygyny habar berdi. Bu etraplara Darnytskiý, Dniprowskiý, Solomýanskiý, Şewçenkiwskiý, Holosiýewskiý, Obolonskiý, Swýatoşinskiý we Desnýanskiý degişlidir.

Darnytskiý etrabynda bäş gatly ýaşaýyş binasynyň bir bölegi ýykyldy, harabalygyň aşagynda galanlar üçin gözleg we halas ediş işleri dowam etdirilýär. Golaýdaky beýik binalardaky penjireler döwüldi, ulaglare zeper ýetdi we hususy emläk weýran boldy.

Zelenskiý sosial ulgamda "Russiýa gepleşik stolunyň ýerine ballistik raketalary saýlaýar. Urşy bes etmegiň ýerine, öldürmegi dowam etdirmegi saýlaýar. Bu, Russiýanyň häzirki wagtda hem netijelerinden gorkmaýandygyny görkezýär" diýdi.

Zelenskiý Ukrainanyň ýaranlaryndan has berk çäre görülmegini isledi we täze sanksiýalary talap etdi. Şeýle hem, Russiýanyň ýaranlary Hytaýy we ÝB agzasy Wengriýany Moskwa garşy has berk tutum almaga çagyrdy. Zelenskiý: "Ähli möhletler eýýäm geçdi, diplomatiýa üçin onlarça mümkinçilik biderek boldy. Russiýa her bir hüjüm we her bir söweş üçin jogapkärçilik çekmeli" diýdi.

Öwren
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy
Demirgazyk Koreýa balistiki raketa synagyny geçirdi
Sudan RSF-den ar alar
Tramp Waşingtonda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri bilen duşuşyk geçirer
Russiýa: Putin-Tramp sammitiniň şertleri entek ýerine ýetirilmedi
Ysraýyl Günbatar Şeria guraýan hüjümlerini artdyrýar
Britaniýada 25 müňden gowrak adam Ysraýylyň halkara futboldan çetleşdirilmegine goldaw berdi