Sagçy dalaşgär Kast Çiliniň täze prezidenti boldy

Sesleriň 58 göterimini alan Hose Antonio Kast Çiliniň täze prezidenti boldy

By
Sagçy dalaşgär Kast Çiliniň täze prezidenti boldy / AP

Çiliniň halky ýekşenbe güni täze prezidentini saýlamak üçin ses berdi. Sesleriň 80 göteriminiň sanalandygy we Antonio Kastyň sesleriň 58 göterimini alandygy habar berildi.

Antonio Kast Çiliniň 35 ýyllyk demokratiýa taryhynyň sagçy prezidenti hökmünde saýlandy.

Saýlawyň resmi netijeleri aşa sagçy Antonio Kastyň saýlawda uly üstünlik gazanandygyny görkezýär.

Kastyň çepçi dalaşgär bäsdeşi Žara ýeňilişini kabul etdi.

Kast saýlaw kampaniýasynda bikanun ýagdaýda ýurda giren ýüzmüňlerçe bosguny ýurtdan çykarmagy, ýurduň demirgazyk serhedini ýapmagy we durgunlaşan ykdysadyýeti ösdürmegi wada beripdi.

Bir wagtlar Amerika materiginiň iň howpsuz we durnukly ýurtlaryndan biri bolan Çili Kowid-19 pandemiýasy, protest ýörişleri we guramaçylykly jenaýatlaryň artmagy sebäpli agyr günleri başdan geçirýär.

42 ýaşyndaky hünärmen Maribel Saawedra täze prezident Kastyň “Bosgunlar meselesini çözjekdigine ynanýaryn” diýdi.

Latyn Amerika ýurtlaryndan Argentinada, Boliwýada, Gondurasda we Salwadorda geçirlen saýlawlarda hem sagçy partiýalar üstünlik gazanypdy.

Çilidäki saýlawlar sagçy partiýalaryň Latyn Amerika ýurtlarynda gazanan soňky üstünligi boldy.

9 çaganyň kakasy bolan 59 ýaşyndaky Kast ozal üç gezek prezidentlige dalaşgär bolupdy.

Bäsdeşi Žara Kasta telefon edip saýlawda ýeňilendigini kabul etdi.

Kast saýlawyň ilkinji netijeleriniň belli bolmagyndan gysga wagtda soň  X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Saýlawda Çiliniň halky üstünlik gazandy” diýdi.