Türkiýe Sudana ynsanperwer kömegini bermäge dowam edýär

“Ýagşylyk gämisi” bilen onlarça tonnalyk ynsanperwer kömegi Sudana ugradyldy.

By
Türkiýe Sudana ynsanperwer kömegini bermäge dowam edýär / AA

Türkiýe çaknyşyklar sebäpli agyr günleri başdan geçirýän Sudana ynsanperwer kömegini bermäge dowam edýär. 2 müň 600 tonnalyk ynsanperwer kömegi “Ýagşylyk gämisi” bilen Sudana ugradyldy.

AFAD-yň ýolbaşçylygynda ýerli ýolbaşçylar, jemgyýetçilik guramalary we Katar Galkynyş gaznasy tarapyndan taýarlanan ynsanperwer kömegini alyp giden “Ýagşylyk gämisi” Mersin portundan dabaraly ýagdaýda ugradyldy.

AFAD-yň başlygy Ali Hamza Pehliwan, Türkiýäniň Sudandaky gumanitar krizisin ortadan aýrylmagy üçin uly tagalla edýändigini, 2024-nji ýylda Sudana 5 müň 500 tonna ynsanperwer kömeginiň berlendigini aýtdy.

Ali Hamza Pehliwan geçen aý Sudana 3 gämi bilen 30 müň çadyryň ugradylandygyny belledi.

Soňky ynsanperwer kömegi bolsa, azyk önümlerinden, lukmançylyk enjamlaryndan we arassalaýyş serişdelerinden ybarat.

Pehliwan mesele hakynda beren beýannamasynda “Sudanda öýlerini terk edenler ýaşaýyş jaý ýetmezçiligini başdan geçirýär. Biz 7-nji dekabrda ýagşylyk gämileri bilen yzly yzyna 3 gämi bilen doganlarymyza çadyr kömegini ugratdyk” diýdi.

Türkiýäniň Gaza hem ynsanperwer kömegini bermäge dowam edýändigini aýdan Pehliwan, 20-njy ýagşylyk gämisiniň geljek hepde sebite ugradylmagynyň meýilleşdirilýändigine ünsi çekdi.

Ali Hamza Pehliwan Gaza häzire çenli 105 müň tonnalyk ynsanperwer kömegini berendiklerini ýatlatdy.

Sudanda 2023-nji ýylyň aprel aýyndan bäri harby goşun bilen paramilitar RSF güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklar sebäpli müňlerçe adam ýogaldy, millionlarça adam hem ýaşaýan ýerini terk etdi.