DÜNÝÄ
1 minut okamak
Putin bilen Şara Moskwada duşuşdy
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin duşuşygyň öňüsyrasynda Russiýanyň Siriýa bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmäge taýardygyny aýtdy
Putin bilen Şara Moskwada duşuşdy
Putin bilen Şara Moskwada duşuşdy
16 Oktýabr 2025

Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara, Damasyň Moskwa bilen “taryhy we strategik”gatnaşyklaryny ösdürmäge taýardygyny aýtdy.

Şara çarşenbe güni Moskwada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Şara bilen Putin özara duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

Şara beýannamasynda “Ozal baglaşylan ähli şertnamalara we umymy taryha sarpa goýýarys we şol gatnaşyklary gaýtadan dikeltmek isleýäris” diýdi.

Siriýanyň Prezidenti Şara “Russiýa bilen ýakyndan gatnaşyk edýäris. Rus hünärmenleri Siriýanyň energetika pudagynyň ösmeginde uly rol oýnaýar” diýdi.

Üstümizdäki aýyň başynda Siriýada geçirlen saýlawlar mynasybetli Şarany gutlan Putin bolsa, Moskwanyň Damask bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmäge taýardygyny belledi.

Şarany Kremlde garşy alan Putin, Siriýa bilen Russiýanyň arasynda onlarça ýyldan bäri dowam edýän gatnaşyklar hakynda öwgüli sözler aýtdy.

Asadyň yzyna berilmegi

AFP habarlar gullugy siriýaly resmilerine esaslanýan habarynda, Şaranyň Russiýa gaçyp giden Başar Asadyň yzyna berilmegini talap etmek isleýändigini öňe sürdi.

Kreml, Başar Asada we maşgalasyna wezipesinden çetleşdirilmeginden bir gün soň Russiýa tarapyndan başpenalyk hukugynyň berlendigini habar beripdi.

Kreml mundan başgada Moskwada geçiriljek nobatdaky duşuşykda iki lideriň Siriýadaky rus harby bazalary hakynda pikir alyşjakdygyny mälim etdi.

Kremliň metbugat sekretary Dmitri Peskow metbugata beren beýannamasynda “Meseläniň gün tertibine getirilmegine garaşylýar” diýdi.

Moskwanyň Siriýada iki harby bazasy bar: Tartusdaky deňiz bazasy we ýurduň Ortaýer deňiziniň kenarynda ýerleşýän Hmeýmimdäki howa bazasy.

 

 

Öwren
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy
Demirgazyk Koreýa balistiki raketa synagyny geçirdi
Sudan RSF-den ar alar
Tramp Waşingtonda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri bilen duşuşyk geçirer
Russiýa: Putin-Tramp sammitiniň şertleri entek ýerine ýetirilmedi
Ysraýyl Günbatar Şeria guraýan hüjümlerini artdyrýar
Britaniýada 25 müňden gowrak adam Ysraýylyň halkara futboldan çetleşdirilmegine goldaw berdi
Nýu-Ýorkuň taryhyna adyny ýazdyran ýaş musulman dalaşgär: Zohran Mamdani
Ghazala Haşmi ABŞ-da ştat derejesindäki wezipä saýlanan ilkinji musulman amerikaly zenan boldy
Bosniýada garrylar öýünde bolan ýangynda 10 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy