ABŞ Gaza ylalaşygynyň ýerine ýetirilşine gözegçilik etmek üçin Ysraýyla 200 esger ugradar

Amerikaly ýolbaşçylar Ysraýyla ugradyljak esgerler üçin bilelikdäki gözegçilik merkeziniň guruljakdygyny mälim etdi.

ABŞ Gaza ylalaşygynyň ýerine ýetirilşine gözegçilik etmek üçin Ysraýyla 200 esger ugradar / AP

Amerikaly ýokary derejeli ýolbaşçylar, ABŞ-nyň Gazada durnuklylygyň ýola goýulmagy maksady bilen dörediljek bilelikdäki harby güýjüň çäginde 200 esgeriň sebite ugradyljakdygyny, emma Gazada amerikan esgeriniň iş alyp barmajakdygyny mälim etdi.

Ýolbaşçylar sebite ugradyljak 200 esgeriň howpsuzlyk güýjüniň özenini emele getirjekdigini we toparda Müsüriň, Kataryň Türkiýäniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň wekilleriniň ýer aljakdygyny aýan etdi.

Beýannamada amerikan esgerleriniň oraşdyryljak ýeri barada doly maglumat berilmedi emma bilelikdäki gözegçilik merkeziniň guruljakdygy, çaknyşyklaryň öňüni almak üçin, Gazada iş alyp barjak beýleki güýçleriň Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri bilen utgaşykly ýagdaýda işlemegini ýola goýjakdygy nygtaldy.

Beýannamada amerikan esgerleriniň Gaza girmejekdigine üns çekildi.

Amerikaly ýolbaşçylar ylalaşygyň güýje girmegi bilen sebitdäki dartgynlygyň gowşamagyna, Ysraýyl bilen Arap ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyna garaşylýandygyny nygtady.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň prezidentliginiň birinji döwründe Ysraýyl bilen Bahreýn, Birleşen Arap Emirlikleri, Marokko we Sudan gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin şertnama baglaşypdy.