Eýran söweşe garamazdan nebit eksportyny dowam etdirýär
Mart aýynyň başynda Ormuz bogazynyň gatnawa ýapylandygyna garamazdan Eýran söweşiň başlan gününden bäri 16 million barrelden gowrak nebit eksport etdi.
Deňizçilik we söwda maglumat platformalaryna görä, 28-nji fewralda Eýrana garşy söweşiň başlan gününden bäri Ormuz bogazyndan nebit tankerleri bilen birlikde 90 gämi geçdi. Görkezijiler Eýranyň söweşe garamazdan nebit eksportyny dowam etdirýändigini görkezýär.
Deňizçilik maglumat firmasy Lloýds List Intelligense görä, bogazdan geçen gämileriň esasy bölegi, Günbatarly ýurtlaryň sanksiýalaryndan we gözegçiliginden gaçan we Eýran bilen arabaglanşykly gizlin geçelgelere ünsi çekýär.
Ýaňy ýakynda Hindistan we Pakistan bilen arabaglanşykly gämiler hem üstünlikli ýagdaýda bogazdan geçdi.
Çig nebitiň barrel bahasynyň 100 dollardan geçendigi sebäpli ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp nebitiň nyrhynyň aşaklamagy üçin ýaranlaryna we hyzmatdaşlaryna harby gämilerini sebite ugratmaklary we bogazyň gaýtadan açylmagy üçin basyş edýär.
ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy guraýan bilelikdäki hüjümleri sebäpli mart aýynyň başynda dünýäniň nebit-gaz gatnawynda esasy ugurlardan biri bolan Ormuz bogazyndan gämileriň geçmegi gadagan edilipdi. Sebitde azyndan 20 gämi hüjüme sezewar bolupdy.
Söwda maglumat platformasy Kpleriň çaklamalaryna görä, Eýran mart aýynyň başyndan bäri 16 million barrelden gowrak nebit eksport etdi. Hytaý bu döwürde Eýrandan nebit satyn alan esasy ýurt boldy.
Eýranyň nebit eksporty hakyndaky çaklamalar umuman alnanda deňiz gatnawynyň görkezijilerine gabat gelýär. Lýoýds List Intellisense görä, mart aýynyň 1-15-i aralygynda azyndan 89 gämi Ormuz bogazyndan geçdi. Şol gämileriň arasynda 16 nebit tankeri hem bar. Söweşden öň günde ortaça 100-135 gämi bogazdan geçýärdi. Şol san söweşden öňki döwür bilen deňeşdirilende gämi gatnawynyň azalandygyny görkezýär.
89 gäminiň 1/5 böleginiň Eýran, galan böleginiň bolsa Hytaý we Gresiýa bilen arabaglanşykly gämilerdigi nygtaldy.
Eýran söweşiniň başlan gününden bäri nebitiň nyhry 40 göterimden dowrak artdy we nebitiň barrel bahasy 100 dollardan geçdi.
Eýran ABŞ-na, Ysraýyla we ýaranlaryna gitjek bir litr nebitiň hem bogazdan geçmegine rugsat bermejekdigini mälim etdi.
ABŞ bolsa nebitiň nyrhynyň durnuklylygy üçin Eýranyň nebit tankerleriniň bogazdan geçmegine rugsat berjekdigini mälim etdi.
ABŞ-nyň Gazna ministri Skort Bessent duşenbe güni CNBC teleýaýlymyna beren beýannamasynda “Eýrana degişli gämiler bogazdan çykmaga başlady we dünýäniň galan böleginiň nebit bilen üpjün edilmegi üçin muňa rugsat berdik” diýdi.
ABŞ Eýranyň nebit eksportunda esasy orun eýeleýän Harg adasyndaky harby merkezleri bombalady emma ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp häzirlikçe nebit infrastrukturasyny nyşana almandyklaryny mälim etdi.