Ukrainanyň Daşary işler ministrligi, Russiýanyň birnäçe sebite guran hüjümlerinde azyndan 6 adamyň ýogalandygyny, 20 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.
Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň anna güni X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasyna görä, ýurduň günorta gündogarynda ýerleşýän Zaporožiýe sebitinde ýangyç bekedi ýandy, wakada 2 adam ýaralandy.
Harkowa guralan howa hüjüminde ammar, ýaşaýyş jaýlary we ulaglar nyşana alyndy. Wakada 4-i çaga 10 adam ýaralandy, 1 adam hem ýogaldy.
Ýurduň merkezinde ýerleşýän Dnipropetrowsk sebitinde guralan hüjümde ýaşaýyş jaýlaryna we ulaglara zeper ýetirildi.
Daşary işler ministrliginiň berýän maglumatyna görä, hüjümde 8 ýaşyndaky gyzjagaz ýogaldy, 1 adam hem ýaralandy.
Odesada bolsa rus hüjümleri sebäpli ýangyç tankeri ýandy. Wakada 1 adam ýogaldy, 4 adam ýaralandy.
Doneskiň gündogarynda ýerleşýän Kramatorsk şäherinde bolsa 3 adam ýogaldy, 6 adam ýaralandy.
Beýleki tarapdan iki tarap hem uzakly gije dron hüjümlerini dowam etdirdi.
Ukrainanyň harby goşuny Russiýa degişli 79 drony urup düşürendigini mälim etdi.
Russiýanyň Goranmak ministrligi bolsa howa goranyş ulgamlarynyň Ukraina degişli 133 drony hatardan çykarandygyny aýan etdi.




















