Ýangyna we tebigy apatlara garşy göreş gullugynyň berýän maglumatyna görä, 3 hepdeden bäri dowam edýän gar Ýaponiýada 46 adamyň ýogalmagyna, 558 adamyň hem ýaralanmagyna sebäp boldy.
Ýanwar aýynyň ahyryndan bäri ýagýan gar sebäpli ýurduň demirgazygynda ýerleşýän ilatly ýerler garyň aşagynda galdy. Ýapon deňziniň kenarýaka zolagynda aşa köp ýagýan gar gatnawyň bökdelmegine sebäp boldy.
Ýerli ýolbaşçylaryň we howpsuzlyk güýçleriniň sişenbe güni beren beýannamasyna görä, ýol heläkçilikleri we gary arassalamaga çalyşýanlaryň ýykylmagy sebäpli birnäçe adam ýogaldy.
Ýaponiýanyň Meteorologiýa gullugynyň berýän maglumatyna görä, ýurduň demirgazygyndaky Aomori şäherinde garyň galyňlygy käbir ýerlerde 1,3 metre çenli baryp ýetdi.
Tomus aýlarynda El Niňo
Ýaponiýanyň Meteorologiýa gullugy tarapyndan berlen beýannamada tomus aýlarynda Al Niňo wakasynyň başdan geçirlip bilinjekdigi nygtaldy.
El Niňo Ýuwaş ummanynda suw gatlaklarynyň gyzmagy diýlip hasaplanylýar.
La Niňo wakasy bolsa Ýuwaş ummanynda suwyň aşa sowamagy, siller we guraklyk bilen arabaglanşyklydyr.










