DÜNÝÄ
1 minut okamak
Wilson: Mekge Goranmak Bileleşiginiň Ýakyn Gündogaryň NATO-syna öwrülmek potensialy bar
ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň agzasy Jo Wilson, Mekge Bilelikdäki Goranmak Ylalaşygynyň Ýakyn Gündogaryň NATO-syna öwrülmek potensialyna eýedigini nygtady.
Wilson: Mekge Goranmak Bileleşiginiň Ýakyn Gündogaryň NATO-syna öwrülmek potensialy bar
Türkiýe, Saud Arabystany we Pakistan Mekkede özara goranyş ylalaşygyna gol çekdiler.
 

Respublikan partiýasynyň agzasy bolan Wilson"X" sosial media platformasy arkaly Türkiýäniň, Saud Arabystanynyň we Pakistanyň arasynda döredilen ylalaşyk hakynda pikirini beýan etdi.

ABŞ-ly syýasatçy: "Mekge Goranmak Bileleşigi Ýakyn Gündogaryň NATO-syna öwrülmek potensialyna eýe" diýdi.

Wilson sözüni dowam etdirip: "Husileriň Eýran tarapyndan goldaýan hüjümlerine garşy ýaranlygy işe girizendikleri üçin Türkiýä, Pakistana we Saud Arabystanyna minnetdar" diýdi.

Türkiýäniň, Saud Arabystanynyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri şu gün geçirilen Mekke Goranyş Ylalaşygynyň Stratejik Syýasy we Goranyş Komitetiniň nobatdan daşary maslahaty hakynda bilelikdäki beýannamany çap edipdi.

Saud Arabystanynyň paýtagty Ryaddaky maslahatdan soň çap edilen bilelikdäki beýannamada şeýle diýilýär:

“Komitet kollektiw goranyş borçlarynyň iş ýüzüne geçirilmegini çaltlandyrmagy; şol çäkde, taraplaryň milli kanunçylyklaryna laýyk bolmak şerti bilen, ylalaşylan harby güýçleriň we mümkinçilikleriň ylalaşylan düzgünleriň çäginde Saud Arabystanyna üpjün edilmegine we olaryň gysga möhletde ornaşdyrylmagyna degişli çäreleri görmegi; şeýlelik bilen howplara garşy göreş üçin taýýarlyk derejesini, harby utgaşyklygy we kollektiw ukyby güýçlendirmek hakynda karara geldi.”

Öwren
Tramp Si we Putin bilen taryhy sammiti başlamazdan öň hem "ýeňiş" diýip häsýetlendirdi
Kreml: Putin bilen Trampyň duşuşygynda Ukraina krizisi we ikitaraplaýyn gatnaşyklar maslahatlaşyldy
Russiýa: Ukraina Krym köprüsine ýene-de hüjüm gurady
Putin APEC-iň işewür liderlerine ykdysady basyşyň "geçmişde galan zatdygyny" aýtdy
ABŞ Eýranyň Keşm adasyna köp sanly hüjümleri amala aşyrdy
Ukraina ýene-de bir gezek Krym köprüsine hüjüm gurady
Ysraýylly gelmişekler Erihanyň golaýynda palestinli 1 zenany öldürdi
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Si we Putin bilen geçirjek duşuşyklaryndan öň Aziýa sapar gurar
Halkara Pul gaznasy bilen Ukraina 1,6 milliard dollarlyk şertnama baglaşar
Ýewropanyň bäş ýurdy migrantlary Ruanda ibermek üçin merkezleri açar
Eýran Ormuz bogazynyň golaýynda ABŞ-na degişli harby drony ele geçirdi
Ormuz bogazynda ýene-de bir taner mina kakdy
ABŞ-da Ak Tamyň golaýynda guralan ýaragly hüjümde 1 adam ýogaldy, 4 adam ýaralandy
ÝB: "Öz howpsuzlygymyzyň Ukrainanyň howpsuzlygyna baglydygy aýdyňdyr."
Eýranyň Ynkylap goragçylary: "ABŞ-nyň Bahreýndäki irki duýduryş radarlary nyşana alnyp, ýok edildi"
Pakistanda mikroawtobusyň derýa gaçmagy netijesinde 11 adam ýogaldy
Eýran: "Ulgamyň barlygyna howp salýan islendik nokat operasiýalaryň gönüden-göni nyşanasyna öwrüler"
Koreýada awtobusyň 32 ulaga kakmagy sebäpli 48 adam ýaralandy
Eýran Fransiýanyň kiber hüjüm günäkärlemesine garşylyk görkezdi
Tramp: "Häzirki wagtda Eýrana garşy harby operasiýa başlatmak zerur zat ýaly görünmeýär"