Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Başar Asadyň 2024-nji ýylyň dekabr aýynda wezipesinden çetleşdirilmeginden soň ÝB-ne agza ýurduň prezidenti hökmünde Damaska ilkinji sapary gurady.
Duşenbe güni guralan sapar, Prezident Ahmed Şaranyň hökümetine goldaw berilýändigini görkezýär.
Emmanuel Makron X sosial media platformasy arkaly beren habarnamsynda “Fransiýanyň siriýanyň halkyna goldaw berýändigini görkezmek üçin geldim. Siriýada howpsuzlygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyna goldaw berýäris. Geliň birlikde durnuklylyk we parahatçylyk üçin täze sahypa açalyn” diýdi.
Siriýanyň SANA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Damask howa menzilinde Siriýanyň Daşary işler ministri Asad Hasan Şeýbani tarapyndan garşylandy.
Emmanuel Makrona Siriýa guran saparynda işewür adamlary ýoldaşlyk etdi.
Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara Asadyň agdarylmagyndan soň Ýewropa ýurtlaryna guran ilkinji saparynyň çäginde geçen ýyl Fransiýada Prezident Makron bilen duşuşypdy.
Ýewropa Komissiýasynyň başlgy Ursula fon der Laýen ýanwar aýynda Damaskda saparda bolupdy.
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý hem aprel aýynda Siriýa guran saparynyň çäginde Prezidenti Şara bilen duşuşypdy.




















