Türkiýe Kongo bilen Ruandanyň arasynda baglaşylan parahatçylyk şertnamasyna kanagatlanma bildirdi
Türkiýäniň Daşary işler ministrligi “ABŞ we Katar bilen birlikde etapda uly rol oýnan ähli aktýorlaryň eden tagallasyny takdyr edýäris”diýdi.
Türkiýe Kongo Demokratik Respublikasy bilen Ruandanyň arasynda baglaşylan parahatçylyk şertnamasyna hoşallyk bildirdi.
Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada “Kongo Demokratik Respublikasy bilen Ruandanyň arasynda “Parahatçylyk we durnuklylyk üçin Waşington” şertnamasynyň baglaşylmagyna kanagatlanma bildirýäris” diýildi.
Daşary işler ministrliginiň beýannamasynda “ABŞ we Katar bilen birlikde etapda uly rol oýnan ähli aktýorlaryň eden tagallasyny takdyr edýäris”diýildi.
Ministrlik “Türkiýe Afrikada parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň ýola goýulmagy üçin edilýän ähli tagallalara goldaw bermäge dowam eder” diýdi.
Müňlerçe adam ýogaldy, millionlarça adam öýüni terk etdi
Kongo Demokratik Respublikasy bilen Ruandanyň liderleri penşenbe güni KDR-nyň gündogarynda dowam edýän çaknyşyklaryň bes edilmegi maksady bilen ABŞ-nyň töwellaçylyk etmeginde parahatçylyk we ykdysadyýet şertnamasyny baglaşdy.
M23 pitneçileriniň birnäçe ýyldan bäri dowam edýän hüjümleri KDR-nyň gündogaryny durnuksyzlaşdyrypdy.
BMG-nyň görkezijilerine görä, KDR-nyň gündogarynda onlarça ýyldan bäri dowam edýän çaknyşyklar müňlerçe adamyň ýogalmagyna we millionlarça adamyň öýümi terk etmegine sebäp boldy.