Sişenbe güni Gresiýanyň paýtagty Afinida Gaza söweşiniň başlagynyň ikinji ýylyny hatyralamak üçin protest ýörişi geçirildi.
Howpsuzlyk güýçleri protestçylar bilen bolan çaknyşykda gözüňi ýaşardýan gaz ulandy.
Çepçi toparlar tarapyndan geçirlen protest ýörişinde Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleriniň gyssagly bes edilmegi talap edildi.
Protestçylardan käbiriniň ilçihananyň golaýynda feýerwerk atmagy we molotow kokteýl zyňmagy dartgynlygyň möwjemegine sebäp boldy.
Howpsyzlyk güýçleri protestçylara garşy gözüňi ýaşardýan gaz ulandy.
Gysga wagt dowam eden çaknyşyklardan soň birnäçe protestçy saklandy.
Sişenbe güni Afinida başdan geçirlen wakalar Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerine garşy dünýäniň çar tarapynda gahar-gazabyň güýçlenýändigini görkezýär.
Ysraýyl 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza guraýan hüjümlerinde esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 67 müň 100 palestinlini öldürdi
Ysraýylyň hüjümleri sebäpli sebit harabalyga öwrüldi.











