DÜNÝÄ
2 minut okamak
Azerbaýjanda bilen Russiýanyň arasyndaky diplomatik dartgynlyk möwjeýär
Resmi Baku iki raýatynyň göz tussaglygynda mahaly aradan çykmagyndan soň rus howpsuzlyk güýçlerini tussaglylary gynamakda günäkärledi. Moskwa bolsa Sputnigiň işgärleriniň boşadylmagyny talap edýär.
Azerbaýjanda bilen Russiýanyň arasyndaky diplomatik dartgynlyk möwjeýär

Azerbaýjan bilen Russiýanyň arasynda Ýekaterinburg şäherinde Azerbaýjanyň iki raýatynyň göz tussaglygynda mahaly aradan çykmagyndan soň diplomatik dartgynlyk ýüze çykdy.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi, Bakuwyň soňky döwürde dostlykly gatnaşyklara bap gelmeýän hereketleri we özara gatnaşyklara zeper ýetirmek maksady bilen edilen “bilkastlaýyn hereketler” sebäpli Azerbaýjanyň Moskwadaky ilçisi Rahman Mustafaýewi ministrlige çagyryp protest notasyny berendigini mälim etdi.

Azerbaýjanyň Moskwadaky ilçisi Rahman Mustafaýewe bir gün ozal saklanan Sputnik habarlar gullugynyň Bakuwdaky iki rus işgäriniň boşadylmagyny talap edýän notanyň berlendigi nygtaldy.

Azerbaýjanyň Içeri işler ministrligi duşenbe güni beren beýanamasynda, Sputnik habarlar gullugynyň paýtagt Bakudaky merkezine operasiýanyň guralandygyny mälim edipdi. Beýannamada, operasiýada Sputnigiň ýolbaşçysy İgor Kartawyh bilen baş redaktory Ýewgeniý Belousowyň tussag edilendigi nygtaldy.

Bu waka anna güni Ýekaterinburg şäherinde geçirlen we Azerbaýjanyň iki raýatynyň göz tussaglygyna alynmagyndan soň aradan çykmagyna sebäp bolan operasiýadan soň başdan geçirildi.

Azerbaýjanyň bu wakanyň doly derňelmegini we jogapkärleriniň jezalandyrylmagyny talap etdi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi wakanyň yzy ýanyndan Russiýanyň Bakudaky geňeşçi ilçisini ministrlige çagyryp, raýatlarynyň sorag edilşiginde Russiýanyň howpsuzlyk güýçleriniň “gynamalara we kemsidijisi çemeleşmeere” ýol berendigini nygtaýan protest notasyny berdi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Aýhan Hajyzade, Russiýanyň polisiýasynyň hereketleriniň hukuk kadalaryna we halkara derejesinde ykrar edilen adam hukuklaryna bap gelmeýändigini aýtdy.

“Notada bu hereketleriň Azerbaýjanda negatiw jemgyýetçilik reaksiýalara sebäp bolandygy nygtaldy” diýen Hajyzade, notada şeýle hem wakanyň doly derňelmegi we jogapkärleriniň jezalandyrylmagy üçin çagyryş berlendigini ýatlatdy.

Russiýanyň Sputnik habarlar gullugyna ýurduň içerki kanunlaryna we halkara borçnamalara laýyklykda operasiýa guralandygy bellenildi.

Azerbaýjanyň Baş prokuraturasy tarapyndan bolsa mesele boýunça jenaýat işiniň gozgalandygy nygtaldy.

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Aýhan Hajyzade, notanyň Azerbaýjanyň içerki işlerine goşulyşmazlyk baradaky duýduruşyny öz içine alýandygyny we Russiýanyň resmileriniň bikanun hereketleri bilen özara gatnaşyklara zeper ýetirmekde günäkärlenendigini nygtady.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Siriýadan Daşary işler ministri derejesinde 19 ýyl soň Pakistana ilkinji sapar guraldy
Indoneziýada bolan 7,7 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 71 adama ýetdi
Russiýanyň Ukrainanyň paýtagtyna guran hüjüminde 8 adam ýogaldy, 33 adam ýaralandy
Russiýa bilen Ukraina BAE-niň araçylygy bilen 103 tussaglyny 103 tussagla çalşdylar
Braziliýada ýük ulagy bilen awtobusyň kakyşmagy sebäpli 21 adam ýogaldy
KDR-da Ebola bilen kesellän adamlaryň sany artýar
Eýranyň Mejlisiniň Başlygy Kalibaf Yrakda saparda bolýar
Hindistanyň Günbatar Bengal welaýatynda myhmanhanada bolan ýangyn sebäpli dokuz adam ýogaldy
Hytaýyň Syçuan welaýatynda binanyň diwarynyň çökmegi netijesinde bäş adam ýogaldy
Britaniýada salmonella epidemiýasy sebäpli 1 adam ýogaldy, 207 adam bellige alyndy
Tramp Ormuz bogazyny "ABŞ-nyň territoriýasy" hökmünde görkezýän suraty paýlaşdy
“Russiýa bilen Demirgazyk Koreýa täze köp blokly dünýä ulgamyny gözleýär”
Ukrainanyň birnäçe hepde bäri rus hüjümlerine garşy “Patriot” ulanyp bilmeýändigi öňe sürüldi
Fransiýa tokaý ýangynlaryna garşy göreşine goldaw beren ýurtlara minnetdarlyk bildirdi
Filippinde mekdebe guralan ýaragly hüjümde 4 adam ýogaldy
UKMTO: “Ormuz bogazynda bir gämi nyşana alyndy”
Ysraýyl Siriýanyň Idlib welaýatyndaky Abu Zuhur harby howa menziline hüjüm gurady
Russiýanyň Ukraina guran howa hüjüminde 4 adam ýogaldy
Ysraýyl Liwanyň günortasyna howa hüjümini gurady
Ganhor Ysraýyl ylalaşyga garamazdan Gazada çadyrlara hüjüm gurady