Pezeşkiýan Russiýanyň we Pakistanyň lideri bilen söweşiň bes edilmegi barada pikir alyşdy
" Eýran hukuklary ykrar edilen, jerime tölenen we geljekde guralyp bilinjek haýsydyr bir hüjüme garşy halkara jemgyýetçiligi kepilnama beren halatynda ABŞ we Ysraýyl bolan dowam edýän söweşi bes eder"
Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan, ABŞ bilen Ysraýylyň ýurduna garşy başladan söweşiniň bes edilmeginiň ýeke-täk ýolunyň Tähranyň hukuklarynyň ykrar edilmeginden we geljekde guralyp bilinjek haýsydyr bir hüjüme garşy halkara jemgyýetçiliginiň kepilnama bermeginden geçýändigini aýtdy.
Pezeşkiýan çarşenbe güni X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda Russiýanyň we Pakistanyň lideri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýan etdi.
Pezeşkiýan habarnamasynda “Eýranyň sebitde parahatçylyga goldaw berýändigini ýene-de bir gezek nygtaýaryn. Sionist ulgam we ABŞ tarapyndan başladylan bu söweşiň bes edilmeginiň ýeke-täk ýolynyň Tähranyň hukuklarynyň ykrar edilmeginden, jerime tölenmeginden we geljekde guralyp biljek haýsydyr bir hüjüme garşy halkara jemgyýetçiliginiň kepilnama bermeginden geçýändigini aýtdy.
Ysraýyl bilen ABŞ-nyň 28-nji fewraldan bäri Eýrana garşy guraýan hüjümleri sebäpli sebitde dartgynlyk möwjeýär.
Eýranly resmilere görä, hüjümlerde häzire çenli Eýranyň ozalky dini lideri Ali Hamenei bilen birlikde 1300-den gowrak adam ýogaldy, 10 müňden gowrak adam hem ýaralandy.
Tähran Ysraýyla, Iordaniýa, Yraga we ABŞ-nyň harby merkezlerine ýer eýeçiligini edýän Aýlag ýurtlaryna dron we raketa hüjümlerini guraýar.
Eýran mundan başgada dünýäniň nebit üpjünçiliginde esasy orun eýeleýän Ormuz bogazyny dolulygyna ýapdy.
ABŞ-nyň harby bazalaryna zeper ýetirildi
“Nýu Ýork Taýmes” gazetiniň çarşenbe güni beren habaryna görä, Eýran ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky azyndan 17 harby, diplomatik we howa goranyş desgasyna dron we raketa hüjümlerini gurady.
Dron we raketa hüjümlerinde ABŞ-nyň diplomatik wekilhanalaryna, harby merkezlerine we howa goranyş ulgamlaryna uly zeper ýetirildi.
Eýranyň hüjümlerinde azyndan 11 harby merkeze ýada desga zeper ýetirlendigi nygtaldy.
Hüjümlerde ABŞ-nyň Kataryň Umm Dahal şäheriniň golaýyndaky harby merkezindäki 1,1 milliard dollarlyk radar ulgamyna zeper ýetirlendigi bellenildi.
“Nýu Ýork Taýmes” gazeti, Pentagonyň 28-nji fewralda ABŞ-nyň Bahreýndäki harby flodyna 200 million dollarlyk zeper ýetirlendigini ýazdy.
Eýranyň Ynkylap goragçylary goşuny çaknyşygyň 12-nji gününde ABŞ we Ysraýyl bilen arabaglanşykly ykdysady merkezleri we banklary nyşana aljakdygyny mälim etdi.
Bu habar halkara firmalaryň işgärlerini Dubaýdan ewakuasiýa etmegine sebäp boldy.
Ynkylap goragçylary goşunynyň metbugat sekretary Ali Fadawi, ABŞ bilen Ysraýylyň Amerikanyň we dünýäniň ykdysadyýetine uly zeper ýetirjek uzak möhletli söweşe taýar bolmalydygyna ünsi çekdi.
Eýran Aýlagdaky iki gämä, Eýranyň deňiz güýçleri tarapyndan berlen duýduryşlaryna garamazdan Ormuz bogazyna girendikleri üçin hüjüm edendiklerini mälim etdi.