Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Türkiye bilen ABŞ-nyň arasyndaky 100 milliard dollarlyk söwda mukdary maksadynyň özleriniň “umumy maksady bolmagynda galýandygyny” beýan etdi.
Türkiye-ABŞ Işewürler Geňeşi tarapyndan Nýu-Ýorkda gurnalan Türk maýa goýum konferensiýasynda çykyş eden Erdogan Ankara bilen Waşingtonyň hususy pudagyň we täze maýa goýum başlangyçlarynyň goldawy bilen 100 milliard dollarlyk söwda mukdary maksadyna ýetjekdigine ynam bildirdi.
Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiye-ABŞ goranyş senagaty hyzmatdaşlygynyň ýaranlyk ruhuna laýyklykda päsgelçiliklerden we çäklendirmelerden gysga wagtda azat edilmelidigini aýtdy.
Erdogan, energiýa, kiber howpsuzlyk we kosmos ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine baha bermek arkaly ikitaraplaýyn gatnaşyklardaky itergini tizleşdirmegiň möhümdigini belledi.
Erdogan: “Türkiye maýadarlar üçin has özüne çekiji açyk, bäsdeş we ygtybarly bazar gurşawyny berkidýän ädimler etmäge dowam edýär” diýdi.
Şeýle hem, Türkiyäniň güýçli logistika infrastrukturasynyň, häzirki zaman portlarynyň we ösen awto ýol we demir ýol ulgamlarynyň ýurdy maýadarlar üçin strategiki merkeze öwürýändigini beýan etdi.















