SYÝASAT
2 minut okamak
Zelenskiý galplyga garşy täze kanunyň çykaryljakdygyny beýan etdi
Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý “gözegçilik edaralarynyň garaşlygy üçin degişli ähli kadalaryň güýje girjekdigini” kepillendirýän täze kanun taslamasyny hödürlejekdigini beýan etdi.
Zelenskiý galplyga garşy täze kanunyň çykaryljakdygyny beýan etdi
Zelenskiý galplyga garşy täze kanunyň çykaryljakdygyny beýan etdi / AP
24 Iýul 2025

Kiýewiň merkezinde gözegçilik edaralarynyň ygtyýarlaryny çäklendirýän kanuna garşy protestler dowam edýärkä Prezident Wladimir Zelenskiý täze bir kanunyň çykarylmagy üçin söz berdi.

İki sany esasy gözegçilik guramasynyň garaşsyzlygy ortadan aýyrýan kanun, Russiýa bilen çaknyşyklaryň başlamagyndan bäri Ukrainada iň uly protestleriň geçirilmegine sebäp boldy.

Demonstrantlardan Wiaçeslaw Bykow çarşenbe güni “Göreşimiz iki frontda dowam edýär. Esasy duşmanymyz daşarda, emma içerde-de bir göreşimiz bar” diýdi we sözlerini: “Ukrainanyň Russiýa birikmegini islemeýäris, galplyga ýol berýän ýa-da awtoritar Ukraina hem islemeýäris. Azat Ukraina isleýäris” diýip, dowam etdirdi.

Esasy bölegi ýaşlardan ybarat bolan demonstrantlar sişenbe güni Ukrainanyň parlamenti tarapyndan kabul edilen kanuna weto çagyryşyny edip, Kiýewdäki teatrlardan biriniň öňünde jemlenşdi.

Kanun Ukrainanyň Galplyga garşy milli göreş býurosy bilen Galplyga garşy göreş prokuroturasy prezident tarapyndan bellenen baş prokuroryň gönüden ygtyýaryna degişli edýär.

Kanuny tankyt edýänler bu kanunyň galplyk bilen bagly derňew işlerine prezidentiň diwanynyň goşulyşmagyny ýeňilleşdirjekdigini we Ukrainadaky esasy guramalaryn garaşsyzlygyna howp saljakdygyny nygtaýar.

“Ukraina Ýewropadyr”

Zelenskiý çarşenbe güni agşam reaksiýalara jogap berip, “gözegçilik guramalarynyň garaşsyzlygy üçin ähli şertleriň dörediljekdigini” nygtap, täze bir kanun taslamasyny hödürlejekdigini aýtdy.

Zelenskiý çykyşynda; “Hukuky sanksiýalarda Russiýanyň haýsydyr bir täsiri ýa-da dahyly bolmaz” diýdi.

Ýewropa Komissiýasynyň Ballygy Ursula Fon Der Lýaýen we Kiýewiň beýleki ýaranlary bu üýtgetme hakynda düşündiriş talap edip, aladalaryny beýan edipdi.

Käbir ýewropaly ýaranlar bu başlangyçlaryn Ukrainanyň ÝB-ne agzalyk maksady üçin möhüm ähmiýete eý ebolan galplyga garşy göreş özgertmelerine zarba urjakdygyna alada bildiren bolsa, çarşenbe güni geçirilen protestlerde-de şol alada esasy köpçülik tarapyndan beýan edildi.

Ukrainanyň galplyga garşy göreşýän iki sany esady gözegçilik edarasy NABU we SAPO 2014-nji ýyldak Maýdan ynkylabyndan soň 10 ýyl ozal döredilipdi.

Demonstrantlardan biri “Ukraina Ýewropadyr” diýip, şulary nygtady: “Russiýa dolanmarys. Ýewropa ugrundaky göreşimiz dowam eder.”

ÇEŞME:TRT Global