Umumy türk elipbiýi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
SYÝASAT
2 minut okamak
Umumy türk elipbiýi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldyPaýtagt Ankarada Bakuw Türkologiýa kongresiniň 100 ýyllygy mynasibetli we türk dünýäsiniň umumy medeni mirasyny we aragatnaşygyny ösdürmek maksady bilen möhüm çäre geçirildi.
Umumy türk elipbiýi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy / TRT Global
Duş 3 Ýek

28-nji ýanwarda Türki döwletleriň guramasynyň Ýaşulylar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrymyň gatnaşmagynda geçirlen Umumy türk elipbiýi-pursatlar, kynçylyklar we teklipler atly panel geçirildi.

Panelde türk dünýäsiniň geçmişden biziň günlerimize çenli umumy taryhyna, türkleriň ýaşan sebitlerine we häzirki ýagdaýyna laýyklykda kabul edilen Umumy türk elipbiýiniň ähmiýeti nygtaldy.

Panel halkara Hoja Ahmed Ýasawy Türk-Gazak uniwersietiniň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Prof. Dr Muhettin Şimşegiň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi.

Milli kitaphanada geçirlen panele ylmy işgärleri diňlemek üçin Türk döwletleriniň Ankaradaky ilçileri hem gatnaşdy.

Paneliň açylyş dabarasynda çykyş eden Türki döwletleriň guramasynyň Ýaşulylar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym, türk dünýäsiniň ähmiýetine ünsi çekdi we şol bir wagtda umymy türk elipbiýiniň kabul ediliş etabynda 2 ýylda durmuşa geçirlen işler hakynda maglumat berdi.

Ady agzalýan etabyň beýle aňsat bolmandygyny emma 34 harpdan ybarat Umumy türk elipbiýiniň kabul edilmeginiň türk dünýäsiniň arasyndaky aragatnaşygyň pugtalanmagyna uly goşant goşjakdygyny we türk dünýäsini diňe medeni taýdan däl eýsem ykdysady taýdan hem birleşdirjekdigini belledi.

Prof. Dr. Nazym Hikmet Poladyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirlen panelde çykyş eden Prof. Dr. Bilgehan Atsyz Gökdag, Umy türk elipbiýi etabynyň türk dünýäsi üçin täze mesele bolmandygyny aýtdy. Gökdag bu mesele baradaky ilkinji barlagyň 1926-njy ýylda Bakuda geçirlen 1-nji Türkologiýa gurultaýy bilen başlandygyny ýatlatdy.

Gökdag ady agzalýan gurultaýa gatnaşan we Umumy türk elipbiýi taslamasyna goldaw beren türk dünýäsiniň tanymal dilçi alymlarynyň 1937-1938-nji ýyllarda Stalin tarapyndan öldürlendigine ünsi çekdi.

Türk dil guramasynyň başlygy Osman Mert bolsa çykyşynda, Umumy türk elipbiýiniň kabul ediliş etabynda başdan geçirlen kynçyklar hakynda durup geçdi. Mert şol bir wagtda türk dünýäsiniň ýazuw dili taryhy barada gysgaça maglumat berdi we kiril elipbiýi bilen deňeşdirilende latyn elipbiniň hödürleýän mümkinçiliklerini gürrüň berdi.

ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Türkiýe milli komissiýasynyň başlygy Prof. Dr. Öjal Oguz, gurama tarapyndan Türk dili maşgalasy gününiň yglan edilmegi barada maglumat berdi.

 Prof. Dr Nurettin Demir “Gutarmaýan hekaýa: Elipbiý jedelleşigi” ady bilen Prof. Dr. Emine Ýylmaz bilen birlikde taýarlan habarnamasy hakynda maglumat berdi.

Umumy türk elipbiýi-pursatlar, kynçylyklar we teklipler atly paneliň ýapylyş dabarasynda çykyş eden Türki döwletleriň guramasynyň Ýaşulylar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrym Umumy türk elipbiýiniň kabul edişik etabyna uly goşant goşan alymlara sagbolsun aýtdy.