Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi, 18-nji sentýabrdan 3-nji oktýabr aralygynda Portugaliýada geçirilýän NATO Tiger Meet 2025 türgenleşigine Türk Harby-howa güýçleriniň işjeň gatnaşýandygyny habar berdi.
Milli Goranmak ministrligi Türkiyäniň türgenleşige üç sany F-16 söweş uçary we 53 howa güýçleriniň işgärini iberendigini habar berdi. NATO ýaranlary we hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy we raýdaşlygy ýokarlandyrmagy maksat edinýän bu türgenleşik, Türkiyäniň sosial media platformasy NSosyalda yglan edildi.
Bu türgenleşige Germaniýa, Awstriýa, Çehiýa, Fransiýa, Britaniýa, Şweýsariýa, Italiýa, Ispaniýa, Polşa, Portugaliýa we Gresiýa ýaly ýurtlaryň howa güýçleri hem gatnaşýar.
Türkiyäniň bu gatnaşygy, NATO-daky strategiki roluny, şol bir wagtyň özünde-de hyzmatdaşlyga taýýarlygyny we gatnaşyklara ygrarlydygyny görkezýär.
NATO-nyň iň uzak wagtlap dowam edýän köpmilletli howa türgenleşikleriniň biri bolan “Tiger Meet” taktiki mümkinçilikleri güýçlendirmek, umumy proseduralary barlamak we goranyş gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak üçin möhüm platformany hödürleýär. Bu türgenleşik sebitdäki wehim salýan howplarynyň üýtgeýän döwründe örän möhümdir.























