Resmileriň çarşenbe güni beren beýanatyna görä, Russiýanyň Ukrainanyň merkezinde ýerleşýän Kriwograd sebitine uçarmansyz howa ulaglary bilen guran hüjümleri, elektrik toklaryň kesilmegine we demirýol liniýalarynyň gatnawlarynyň bökdelmegine sebäp boldy.
Telegram hasabyndan beýanat beren Andriý Raýkowiç: “Häzirki wagtda sebitiň merkezinde we Oleksandrowka sebitindäki 44 aýry ýaşaýyş zolagynda bölekleýin ýagdaýda elektrik toklar kesildi” diýip habar berip, käbir hususy emlaklerede zeper ýetendigini we demirýol gatnawlarynyň togtandygyny habar berdi.
Gyssagly kömek toparlary üç dürli ýerde ýangyna garşy göreşýändiklerini habar berdiler we adam pidalarynyň ýokdugyny mälim etdiler.
Demirýol liniýasy nyşana alyndy
Ukrainanyň Wise-premýeri Oleksi Kuleba rus güýçleriniň gijeki hüjümde demir ýol infrastrukturasyny nyşana alandygyny, ýöne wakanyň ýerleşýän ýeri barada jikme-jik maglumat bermändigini aýtdy.
Kuleba: "Şeýle hüjümleriň anyk maksady bar: ýolagçy we ýük ulaglaryny bozmak, ulaglaryň durnukly işleýşini bozmak we adamlara we ykdysadyýete goşmaça basyş etmek" diýdi.
Beýleki tarapdan RIA habar gullugy desganyň wekiline salgylanyp, Ukrainanyň hüjüminden soň Zaporožýe atom elektrik desgasynyň ýangyç saklaýyş bölüminde ýüze çykan ýangynyň söndürilendigini habar berdi.
Halkara Atom Energiýasy guramasy sişenbe güni desgada işleýän toparyň desganyň golaýynda hüjümleriň sesini eşidendigini we üç dürli nokatdan tüsse çykýandygyny aýdandyklaryny habar berdi.









