TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiye 55 tokaý ýangynynyň ählisini gözegçilik astyna aldy, sowadyş işleri dowam edýär
Oba hojalyk we tokaýçylyk ministri howa we gury ýer toparlarynyň howa şertlerine garamazdan göreş alyp barýandyklaryny aýtdy we tokaý ýangynlary töwekgelçiliginiň oktýabr aýynyň ahyryna çenli ýokary bolmagynda galýandygy barada duýduryş berdi.
Türkiye 55 tokaý ýangynynyň ählisini gözegçilik astyna aldy, sowadyş işleri dowam edýär

Türkiye Respublikasynyň Oba hojalyk we tokaýçylyk ministri Ibrahim Ýumakly, toparlaryň ýanan zolaklarda sowadyş işleirni dowam etdirýändigini belläp, soňky 24 sagatda ýüze çykan ähli 55 tokaý ýangynynyň ählisiniň gözegçilik astyna alynandygyny beýan etdi.

Ministr Ibrahim Ýumakly sişenbe güni žurnalistlere beren beýanatynda, soňky işjeň ýangynyň Bursa welaýatynyň demirgazyk-günbataryndaky Harmanjyk etrabynda bolandygyny belläp: “Jemi 5 uçar, 30 dikuçar we 855 gury ýer ulagy bilen ýangyny dolulygyna gözegçilik astyna almak üçin göreş alyp barýarys” diýdi.

Ibrahim Ýumakly irdenki dumanyň we tüssäniň, günortandan soňky güýçli şemalyň bolsa howa ulaglarynyň göreşini yza süýşürýändigini aýdyp: "Bu ýagdaý, ýangyny gözegçilik astyna almak üçin wagtymyzy hem uzaltdy. Şeýle-de bolsa, howa gowulaşyp başlansoň, howadan göreşimizi güýçlendirdik. Gury ýerden bolsa şonsuz hem gije-gündiz ýadawsyz iş alyp barýarys" diýdi.

Ibrahim Ýumakly, Bursadaky işleriň gowudygyny, sebit bilen bagly gowy habarlaryň günüň dowamynda paýlaşmagy umyt edýändiklerini mälim etdi.

Ministr Ibrahim Ýumakly tokaý ýangynlarynyň töwekgelçiliginiň ýokarydygyny duýduryp, halky ünsli bolmaga we hatda iň kiçi ýangyny hem habar bermäge çagyrdy.

Ýumakly: “Howp henizem geçmedi. Biz azyndan oktýabr aýyna çenli hüşgär bolarys” diýip belledi.

Öwren
Prezident Erdogan COP31-de ikitaraplaýyn duşuşyklaryny dowam etdirýär
Prezident Erdogan: "Medeniýetimiziň özeninde tebigata hormat goýmak bardyr."
Türkiýe bilen Saud Arabystany elektrik taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk memorandumyna gol çekdi
BMG-niň Baş sekretary COP 31 guramaçylygy üçin Türkiýe barada öwgüli sözler aýtdy
Prezident Erdogan BMG-niň Baş sekretary Guterreşi kabul etdi
COP31-e gatnaşyjylar Atatürki uly hormat bilen hatyralady
Prezident Erdogan Apple kompaniýasynyň Dolanşyk geňeşiniň başlygyny kabul etdi
Wise-prezident Ýylmaz Hytaýyň wise-prezidenti Han Çžen bilen duşuşdy
COP31 sammitine 6 yklymdan 102 lider gatnaşýar
Türkiýe Polşa gynanç bildirdi
Türkiýäniň goranyş we awiasiýa senagatynyň eksporty artdy
“Italiýa bilen özara gatnaşyklarymyzy ösdürmegi maksat edinýäris”
Prezident Erdogan Koreýaly firmalaryň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny kabul etdi
Prezident Erdogan Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň halka ýüzlenip çykyş etdi
Türkiýe Iordaniýada buthana guralan hüjümi berk ýazgardy
Fidan: Sebitleýin meseleleri çözmek ugrundaky jogapkärçilikleri öz üstümize almaga dowam ederis
Prezident Erdogan Kanadanyň Premýer-ministri Karni bilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda çykyş etdi
Prezident Erdogan TDG-nyň baş sekretary Ömüraliýewi kabul etdi
Prezident Erdogan Bolgariýanyň Premýer-ministri Radew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Kanadanyň Premýer-ministri Karni Türkiýä sapar gurar