YKDYSADYÝET
1 minut okamak
Yrak-Türkiýe turba geçirijisinde nebit akymy tazeden başlady
Ministr Alparslan Baýraktar, 2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkiýäniň günortasynda bolan ýer titremesi sebäpli ýapylan turba geçirijisinden nebitiň täzeden akdyrylmaga başlanandygyny aýtdy.
Yrak-Türkiýe turba geçirijisinde nebit akymy tazeden başlady
Yrak-Türkiýe turba geçirijisinde nebit akymy tazeden başlady / Reuters
September 27, 2025

Türkiýäniň Energetika we tebigi serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň beren beýannamasyna görä, Yrak-Türkiýe turba geçirijisinden nebit akymy şu gün ýerli wagt bilen sagat 07.07-de täzeden başlady.

Ministr Baýraktar,  türk sosial media platformasy NSosial arkaly beren habarnamasynda, 2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda bolan ýer titremesi sebäpli ýapylan turba geçirijisiniň, Türkiýäniň nebit turba geçirijisi firmasy BOTAŞ tarapyndan abatlanandygyny aýtdy.

Yragyň resmi INA habarlar gullugy hem şenbe güni Yragyň demirgazygyndan Kürt Awonomiýasyna degişli nebit känlerinden nebitiň gaýtadan eksport edilmäge başlanandygyny habar berdi.

Merkezi Erbilde ýerleşýän Rudaw TW, Fişhabur nebit käninden, Yragyň merkezi hökümetiniň we nebit firmalarynyň goldaw bermeginde nebit eksportynyň başlandygyny mälim etdi.

Yragyň Premýer-ministri Muhammed Şiýa as-Sudany penşenbe güni beren beýannamasynda, Yragyň Küprt Awtonomiýasyna degişli nebit känlerinde öndürlen nebitiň Yrak-Türkiýe turba geçirijisi arkaly eksport ediljekdigini aýdypdy.

As-Sudany X sosial media arkaly beren habarnamasynda “Şu gün Yragyň Kürt Awtonomiýasyna degişli nebit känlerinde öndürlen çig nebitiň Federal Nebit ministrligi tarapyndan alynyp Yrak-Türkiýe turba geçirijisi arkaly eksport edilmegini göz öňünde tutýan taryhy şertnama gol çekişdik” diýdi.

 

 

ÇEŞME:TRT