DÜNÝÄ
1 minut okamak
Zelenskiý: “Ukraina ÝB-e goşulmaly we goşular” diýdi
Ukrainanyň Prezidenti bileleşigiň 'islendik bir ýurduň' milli syýasaty sebäpli yza galmalardan gaça durulmagy barada çagyryş berdi.
Zelenskiý: “Ukraina ÝB-e goşulmaly we goşular” diýdi
Wladimir Zelenskiý
30 Sentýabr 2025

Duşenbe güni Warşawa howpsuzlyk forumynda çykyş eden Ukrainanyň prezidenti Wladimir  Zelenskiý Ukrainanyň ÝB-ne girmelidigini we bu ugurda ähli zerur çäreleri görýändigini aýtdy.

“Ukraina ÝB-e goşulmaly we goşulardiýen Zelenskiý Kiýewiň öz borçlaryny ýerine ýetirendigini aýtdy.

Zelenskiý: "Biz zerur ähli zady edýäris we Ukrainanyň goşulmagynyň haýsydyr bir ýurduň milli syýasaty bilen gijikdirilmezligi möhümdir. Biziň gaça durmaly zadymyz Russiýa islendik görnüşde garaşlylykdyr" diýdi.

Ukraina 2022-nji ýylyň fewral aýynda Russiýa bilen uruş başlanyndan gysga wagt soň ÝB-ne agza bolmak üçin ýüz tutdy. 2023-nji ýylyň dekabrynda Ýewropa Geňeşi Ukraina bilen agzalyk gepleşiklerini açmak kararyna geldi.

2024-nji ýylyň iýunynda Ýewropa Komissiýasy Ukrainadaky we Moldowadaky reformalara oňyn baha berdi, Brýussel bolsa goşulmak gepleşikleriniň çarçuwasyny tassyklady.

Emma Wengriýa we Slowakiýa özlerini rus energiýasy bilen üpjün edýän Družba nebit geçirijisine edilýän hüjümleri duruzmak ýaly şertleri öňe sürüp, bu tapgyry petiklediler.

Soňra Litwa Budapeştiň garşylyklaryny ortadan aýyrjak aýratyn gepleşikler meýilnamasyny teklip etdi.

Öwren
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy
Demirgazyk Koreýa balistiki raketa synagyny geçirdi
Sudan RSF-den ar alar
Tramp Waşingtonda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri bilen duşuşyk geçirer
Russiýa: Putin-Tramp sammitiniň şertleri entek ýerine ýetirilmedi
Ysraýyl Günbatar Şeria guraýan hüjümlerini artdyrýar
Britaniýada 25 müňden gowrak adam Ysraýylyň halkara futboldan çetleşdirilmegine goldaw berdi